Islendik halkyň her bir taryhy eýýamynda ykjam we möçberli görnüşde döwrüň ruhuny, adamlaryň gazananlaryny we meýillerini alamatlandyrýan milli gymmatlygy bolýar. Türkmen halkynda hem asyrlaryň we nesilleriň, tagallalaryň we ýeňişleriň, zähmetiň we sazlaşygyň baglanyşygyny özünde jemleýän baş nyşany bar. Ol ahalteke bedewidir.

Türkmenistan gadymy medeniýetleriň we beýik dessurlaryň ýurdudyr. Döwürler geçmişde höküm süren kuwwatly galalary we baý şäherleri harabaçylyga öwürdi. Ýöne wagt şöhratly geçmişiň şanly şaýady bolan ahalteke bedewlerine hiç hili täsirini ýetirip bilmedi.

Taryhyň çylşyrymly wakalaryna, ýowuz öwrümlerine garamazdan türkmen, halky dünýäniň dürli ýurtlarynyň ussat hünärmenleriniň ünsüni özüne çekýän milli atşynaslyk medeniýetini elýetmez baýlyk hökmünde mynasyp derejede gorap saklamagy başardy.

Türkmen halkynyň baý taryhy mirasynda bedewe durmuşda aýratyn ornuň degişlidigini äşgär edýän köp sanly subutnamalar bar. Müňýyllyklaryň jümmüşinden biziň döwrümize gelip ýeten gadymy türkmen teňňeleri, atlaryň we çapyksuwarlaryň şekilleri, olaryň ajaýyp sazlaşygyny beýan edýän senetçilik önümleri aýdylanlary aýdyň subut edýär. «Görogly» eposynda bedewiň waspy, onuň şöhraty has-da giň-den beýan edilýär. Köp sanly nusgawy şahyrlar belent ruha beslenen eserlerini, suratkeşler ajaýyp suratlaryny «behişdi bedewlere» bagyşlapdyrlar. Heýkeltaraşlar bolsa ahalteke bedewlerini heý- kellerde janlandyrypdyrlar.

Gadymy atşynaslyk medeniýeti hünärmänleriň yhlasy netijesinde yzygiderli baýlaşdyrylypdy. Bu ugurdaky tejribe nesilden-nesle geçirilip gelnipdir we biziň sebitimiziň çapuw atlaryny ýetişdirmek usullary Ýewropa ýurtlaryna aralaşypdyr. Häzirki döwürde dünýäde türkmen seýisleriniň tejribesine zerurlyk has-da artdy. Olara daşary ýurtly hünärmenler uly gyzyklanma bildirýärler.

Atşynaslar ahalteke bedewlerine örän ýeňil gopýan, hyjuwly, zähmete ukyply, bilesigeliji we örän paýhasly jandar hökmünde baha beripdirler. Bu hakykatdan-da şeýle, ahalteke bedewi ynamly we özüne bolan hormaty talap edýän bedew hökmünde ykrar edilipdir. Tejribeli türkmen seýisleri bedewiň örän buýsançly we güýçli häsiýetini gerek ugra gönükdirmegi başarypdyrlar.

   Amandurdy Şadurdyýewiç ÝAZDURDYÝEW

  Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň senagat tehnalogiýa fakultetiniň Metallary işläp bejermegiň tehnalogiýasy we maşynlary toparyň talyby