UNICEF-iň gözleglerine görä, Gollandiýa çagalar üçin iň bagtly ýurt diýlip yglan edildi. Bu netijä döwletiň güýçli bilim ulgamy, ene-atanyň goldawy we sosial syýasatlary bilen baglanyşykly ýagdaýlara seredilip gelindi.
Gollandiýanyň çagalaryň abadançylygynda tapawutlanmagynyň sebäpleri:
Bilim ulgamy:
Gollandiýanyň bilim ulgamy bäsdeşlik däl-de, öz içine alyjy çemeleşmä eýedir.
Ene-atanyň goldawy:
Ene-atalar çagalaryna has köp goldaw berýärler we olar bilen has köp wagt geçirýärler.
Jemgyýetçilik syýasatlary:
Döwlet tarapyndan çagalar üçin hödürlenýän sosial goldaw we syýasatlar olaryň hal-ýagdaýyny gowulaşdyrýar.
Howpsuz gurşaw:
Gollandiýa çagalaryň özlerini howpsuz duýmagy üçin ähli şerti döredýär.
Sagdyn durmuş:
Çagalaryň sagdyn ösmegi üçin zerur mümkinçilikler döredilýär.
Sosial başarnyklar:
Çagalaryň jemgyýetçilik ukyplaryny ösdürip biljek şertleri döredilýär.
Gollandiýadan soň beýleki ýurtlara Daniýa, Norwegiýa, Islandiýa we Finlýandiýa girýär.
Hurmagül BALLYÝEWA
Daşguz şäheriniňi 33-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi