“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilýän Hususy pudagyň forumy öz işini tamamlady.
“DÇBÖBD-niň ösüş mümkinçilikleri” atly mowzuklaýyn mejlisde bu ýurtlara öz mümkinçiliklerini strategik esasda ulanmak arkaly çalt ösýän dünýä ykdysadyýetinde durnukly we inklýuziw ösüşi gazanmaga, olaryň ägirt uly kuwwatyny durmuşa geçirmäge ýardam berjek çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu mejlis Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) bilen hyzmatdaşlykda geçirildi.
Bellenilişi ýaly, dünýä ykdysadyýetiniň ep-esli bölegini emele getirýän DÇBÖBD özleriniň geografik taýdan ýerleşmegi bilen baglanyşykly käbir meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Deňiz portlaryna göni çykalganyň bolmazlygy olar üçin logistika, ulag babatda we ykdysady kynçylyklary döredýär. Muňa garamazdan, DÇBÖBD ösüş üçin ägirt uly kuwwata eýedirler. Tehnologiýanyň häzirki zaman gazananlary, sebit hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi we ykdysadyýeti dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler bu ýurtlar üçin täze gözýetimleri açýar. Hususan-da, sanlylaşdyrma we döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy halkara bazarlara, maliýe hyzmatlaryna elýeterliligi gowulandyryp, geografik päsgelçilikleri ýeňip geçmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa, öz gezeginde, telekeçiligi ösdürmäge ýardam edýär.
“Açyk gapylar”, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatlaryny alyp barýan Türkmenistanyň halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň köp şahaly toruny emele getirmek boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýändigini bellemek gerek. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde utgaşykly sebit we sebitara logistika ulgamyny döretmek, Merkezi Aziýany, Ýewropany, Hazar, Gara deňzi we Baltika sebitlerini, Orta hem-de Ýakyn Gündogary, Günorta, Günorta-Gündogar Aziýany birleşdirýän döwletara üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar. Bu ugurda yzygiderli işleri alyp barmak bilen, ýurdumyz sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerine özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýar.
Berkarar Watanymyzda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna gönükdirilen tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Forum ýokary derejedäki jemleýji mejlis bilen tamamlandy. Mejlisde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge hususy pudagy işjeň çekmek arkaly bu ýurtlarda durnukly ösüşi üpjün etmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Forumyň netijeleri boýunça jemleýji resminama kabul edildi.
Foruma gatnaşyjylar çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdiler.
Hurma AKYÝEWA
Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar bakja bagynyň terbiýeçisi