Toýlary goşa-goşadan gelýän zähmetsöýer halkymyz bu günki gün agzybirlikde, jebislikde şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna, şeýle hem hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna uludan taýýarlyk görýärler. Döwletimiziň şanly toýuna her bir raýatymyz özüniň zähmet üstünlikleri bilen mynasyp goşant goşarlar. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda awgust aýynyň 20-sinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Preziudumynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şol mejlisde hem baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygyna görülýän taýýarlyklaryň ýokary derejede bolmalydygy barasynda durlup geçildi. Şeýle hem ýurt Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan bäri däp bolup gelýän, Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasy geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisini 19-njy sentýabrda Aşgabat şäheriniň Maslahat köşgünde geçirilmelidigi bellenildi. Abadan halkymyzyň demokratiýasyny şöhratlandyrýan bu maslahatda diňe bir geljekki ýylda alnyp barylmaly işler dogrusynda durup geçilmän, eýsem beýik taryhymyza göz aýlap, pederlerimiziň toplan tejribelerinden ugur alyp, halkymyzyň parahat, asuda geljegi üçin zerur bolan durmuş-jemgyýetçilik işleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň ykdysady we syýasy kuwwatyny ýokarlandyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň has-da ösdürilmägine gönükdirilen bu maslahatda täze etraplaryň açylmagy hem göz öňüne tutulýär.
Gojaman taryhda uly-uly döwletleri guran, beýik, görnükli şahsyýetleri taryh sahnasyna çykarmagy başaran halkymyzda halk-köpçülik bilen maslahatlaşmak, geňeşmek däbe öwrülen diýsek ýalňyş bolmaz. Şöhratly geçmişimiziň altyn sahypalaryna göz gezdirenimizde aglaba taryhy wakalar halkyň gatnaşmagynda geňeşlerde seredilip, agzybirlikde bir karara gelinipdir. Şanly Garaşsyzlyk baýramymyzyň öňüsyrasynda-ýene sanlyja günden ýetip gelýän bu Halk Maslahaty hem hut şeýle taryhy kararlara baý wakalaryň biri bolar. Tutuş türkmen halky bu taryhy waka sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan her bir işinde halkyň, döwletiň bähbidi bar.
Güljan Açylowa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 1-nji ýyl talyby