Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jennet mekan Türkmenistan ösüşleriň belent sepgitlerine sary bedew bady bilen barýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp jümlesinden ugur alyp, ata Watanymyzyň naýbaşy baýramy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda has-da bagtyýar geljegi gurmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläkde gowulandyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek arkaly innowasion tehnologiýalar ornaşdyrmagyň hasabyna ähli pudaklaryň infrastrukturasyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatsöýüjilik ýörelgelerine eýerip, agzybirlikde, jebislikde degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Halk maslahatyna barýan ildeşlerimizde çäksiz buýsanç, şatlyk duýgularyny ýüzlerinden aňmak bolýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekden, ýurduň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde demokratik däpleriň ornaşmagyny gazanmakdan hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Şeýle möhüm meseleleri geňeş gurap, maslahatlaşmakda Türkmenistanyň Halk Maslatynyň ähmiýeti örän ulydyr. Çünki Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar.
Halk Maslahaty — ýaşulularyň danalylygy bilen ýaşlara ýol görkeziji bolup çykyş edýän, nesilleriň dowamlylygyny üpjün edýän we milli jebisligi pugtalandyrýan gepleşik meýdançasydyr. Halk Maslahatynda gazanylýan her bir çözgüt mähriban halkymyzyň bähbidine gönükdirilendir. Çünki biziň ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!»
Kuliýewa-Hudaýkuliýewa Aýna,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.