Her ýylyň sentýabry türkmen halky üçin aýratyn bir buýsançly pursatlary bagyşlaýar. Çünki Garaşsyzlyk — diňe bir taryhy wakanyň senesi däl, eýsem halkyň erkinliginiň, döwletimiziň ösüş ýolunyň, bagtyýar ýaşaýşymyzyň hem iň beýik gymmatlygydyr.
2025-nji ýylda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şanly çäreler geçirilýär. Bu ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde gurlup, ulanylmaga berilen täze Döwletli mekan obasynyň açylyşy Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda halkymyz üçin uly sowgat boldy.
Täze gurlan bu döwrebap oba diňe ýaşaýyş jaýlary däl, eýsem ýaşaýşyň ähli şertlerini özünde jemleýär. 400 sany döwrebap jaý, saglyk öýi, 640 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, söwda merkezi we döwrebap infrastrukturanyň ähli görnüşleri halkymyzyň amatly durmuşda ýaşamagyna hyzmat edýär. Bu gurluşyk işleri Garaşsyzlygyň bize beren giň mümkinçilikleriniň, döwletimiziň halk üçin döredýän aladasynyň aýdyň subutnamasydyr.
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýurdumyzda ähli pudaklar bilen birlikde oba hojalygy, bilim, saglyk, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda düýpli özgertmeler başlandy. Şu günki gün açylýan täze oba diňe bir ýaşaýyş jaýlary däl, eýsem halkymyzyň ertirki bagtyýar geljegine bolan ynamynyň hem nyşanydyr. Garaşsyzlygyň berýän güýç-kuwwaty bilen şäherlerimiz gözelleşýär, obalarymyz döwrebap keşbe girýär, ýurdumyz dünýä bileleşiginde ykrar edilýän döwlet derejesine ýetýär.
Döwletli mekan obasynyň açylyşy diňe bir täze gurluşyk däl, eýsem halk bilen döwletimiziň arasyndaky jebisligiň, ynamyň we aladanyň aýdyň beýanydyr. Garaşsyzlygyň ýyllarynda halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, ýaşlaryň bilimli, sagdyn şertlerde terbiýelenmegi üçin döredilýän mümkinçilikler ata Watanymyzyň ösen döwlet hökmünde öňe barýandygynyň subutnamasydyr.
Türkmen halkynyň Garaşsyzlygy – bu halkymyzyň ruhy güýjüniň we ösüş ýolunyň beýik nyşanydyr. Ak bugdaý etrabyndaky döwrebap obanyň açylyşy Garaşsyzlygyň miwesidir, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepilidir. Garaşsyzlyk diňe bir geçmişe hormat däl, eýsem geljege ynamly ädimdir.
29 njy awgustda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa sentýabr aýynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahatlary, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmegiň Tertibi barada aýtdy. Nygtalyşy ýaly, geljek aýda “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň, “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrlarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň, Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasynyň, welaýatlaryň, Arkadag şäheriniň baş baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagynyň galdyrylyş dabaralarynyň, Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada baýramçylyk mynasybetli dabaraly ýörişiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli sentýabr aýyndaky baýramçylyk çärelerine we Döwlet münberiniň öňünde geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniñ Sanly tehnalogiyalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniñ 2-nji ýyllyk talyby
Akmämmedow Allaýar, Amanowa Çeper