Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Watanymyzyň garaşsyzlygynyň mizemezligi döwletiň hem halkyň jebisliginde jemlenýär. Türkmenistan tas dört onýyllyk bäri ýurduň ykdysadyýetde, medeniýetde, bilimde, ylymda, sportda… taryhy ösüşleri üpjün edýän Garaşsyzlyk ýoly bilen öňe barýar. Türkmenistan garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyny ykdysady we ynsanperwer ölçeglerde uly ösüş mümkinçilikleri bolan, sebit hem dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşýan durnukly ösýän döwlet hökmünde garşylaýar.
Garaşsyzlyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerden dünýä ýaň salýar. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen energetika, ulag, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.
Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda geçen ýoly beýleki köp sanly üstünliklerdir belent sepgitlere beslenip, olar täze maksatlara, ösüş menzillerine ýetmegiň özeni bolup hyzmat eder.
Kuwwat BAZAROW,
S.Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institutynyň, pedagogika fakultetiniň baslangyç bilim mugallymçylygy we pishalogiýasy hünäriniň 102 toparynyň talyby.

RU












