Keçe basmak senedi Türkmenistanyň Demirgazyk etraplarynda giňden meşhurdyr. Ol sada iş usullaryny özünde jemleýän keçäniň durmuşymyzdaky ähmiýeti örän uludyr.Keçe türkmeniň amaly-haşam sungat daragtynyň beýleki şahalary ýaly, gadymy hem müdimi sungatdyr. Türkmen keçesi halkymyzyň baý milli mirasy, gözüniň guwanjy we baýlygymyzdyr.Keçäniň birnäçe görnüşi bolup, olar giňden ulanylypdyr. Häzirki günde-de ak keçedir gülli keçeler, keçe namazlyklar, ak öýlerimiziň serpikleridir durluklary taýýarlanylyp, olar gündelik durmuşymyzda giňden ulanylýarlar.
Keçelerde, köplenç, dürli reňkli ýüňden çekilen çyzmyklar, ýeke taraplaýyn aýry-aýry bölejikler goýlup, gapdallary towlamly «sary içýan» nagşy, üçburçlukly ýa-da ýokarsy tegelenen şekilli «hamtoz» we beýleki nagyşlar agdyklyk edýär. Türkmen keçelerine goçuň şahyna meňzeş «goç», «goçbuýnuz» nagyşlary hem salynýar. Keçäniň gyrasy hemişe bir reňkden – az-owlak çal ýüň goşulan goýy goňur ýa-da gara ýüňden edilýär. Keçeleriň nagyşlary milli däp-dessurlarymyzy, parasatly adatlarymyzy, nurana oý-pikirleri şöhlelendirmäge hyzmat edýär. Gül salynmadyk, ýagny nagşy bolmadyk, gyrasyna gyragara aýlanan çal reňkdäki dürli ölçegde taýýarlanylýan keçeler öýde hem howluda düşeklik üçin giňden peýdalanylýar.
Käbir obada bagt toýunyň sep bukjasyna-da keçe salynýar. Ol adatça tegelek, owadan nagyşly bolýar. Oňa «gülýaýdy», «goçak», «alaja» ýaly nagyşlar salnyp, maňlaýa sylynýan täze gelniň nesil dowamatly bolmagy bilen bagly arzuw-dilegler bilen ulaşýar. Täze gelin baran öýünde ilkinji gezek bagt keçesiniň üstünde oturdylýar. Gadymy Köneürgenç topragynda keçeden dürli görnüşli torbalar, çuwallar, tutawaçlar we gündelik durmuşda ulanylýan beýleki önümler hem taýýarlanylýar.
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde basylýan keçelerde salynýan «gülýaýdy» nagşy güneşli ülkämiziň tebigatynyň gözelligini, lälezarlygyny beýan etse, «daragt» nagşy türkmeniň ömür agajynyň manysyny berip, onuň dowamat-dowamlylygyny aňladýar. Türkmen keçesine aýratyn görk berýän «äşe», «älem», «goçak», «bäş aýlam», «buýnuzly», «goşa ýürek», «hamtoz», «tazyguýruk», «düýeboýun» ýaly esasy nagyşlar hem biri-birinden owadan gòrùlÿàr.
Kulamowa Nargül
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 102-nji toparynyň talyby

RU












