Medeniýet ynsanyň öçmejek ruhy galkynyşydyr. Medeniýet we sungat ussatlaryň döreden gymatlyklary, gaýtalanmajak eserlerdir. Her bir eseri ussatlyk bilen döretmek we ony janlandyrmak ynsanyň köňül daragty. Daragt döränden soň ösýär, gülleýär – bu bolsa biziň häzirki ýaş neslimiz ýagny geljegimizdir. Medeniýet diýip, giň manyda adamyň we jemgyýetiň maddy hem-de ruhy gymmatlyklary döretmäge gönükdirilen özgerdiji häsiýetdäki işlerine we onuň netijelerine aýdylýar. Şeýle manydaky medeniýet – munuň özi tebigat tarapyndan däl-de, hut adamyň hem-de jemgyýetiň döredýän maddy we ruhy häsiýetdäki gymmatlyklardyr. Dar manyda medeniýet diýlip, sungata, ýagny sungat eserleriniň döredilmegine, ýaýradylmagyna we saklanylmagyna hem düşünilýär. Şunda sazandalaryň, aýdymçylaryň, ýazyjy-şahyrlaryň, artistleriň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň edýän işleri; sergileri guramak, sahna eserlerini goýmak; muzeý hem-de kitaphana işleri we başgalar göz öňünde janlanýar. Şu manyda medeniýet diýlip, zähmet medeniýetine, özüňi alyp barmagyň medeniýetine, sözleýiş medeniýetine hem düşünilýär ýa-da bolmasa, käbir döwürlere at berlende-de (mysal üçin, marguş medeniýeti, parfiýa medeniýeti, seljuklar döwrüniň medeniýeti we ş.m.) köplenç medeniýet sözi ulanylýar. Bu düşündirişleriň ählisi maddy zatlara-da (suratlar, heýkeller, binalar, kitaplar, enjamlar), ruhy önümlere-de (däp-dessurlar, dini ynançlar, ideýalar, nazaryýetler, göz öňüne getirmeler) degişlidir. Netijede, adamlar tarapyndan döredilen maddy hem-de ruhy gymmatlyklar, degişlilikde maddy we ruhy medeniýet diýlip atlandyrylýar. Medeniýeti adamzadyň öz zähmeti bilen döredýän sungatsyz göz öňüne hem getirip bolmaýar. Çeper elli gyz-gelinlerimiziň gözelliklerden döreden haly sungaty, el-iş keşdeçilik sungaty, gerçek ýigitlerimiziň ussatlygy bolan zergärçilik sungaty, çeperçilik sungaty muňa mysal bolup durýar.
Mämmettaganow Elman
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 103-nji toparynyň talyby