Bu metjit täze binagärlik görnüşiniň nusgasy Kairiň beýik binagärlik gurluşygy, ýagny 1356–1363-nji ýyllary aralygynda gurlan Soltan Hasanyň metjididir.
Soltan Hasanyň metjidiniň binagärligi Memlükler döwrüniň Kair şäheriniň uly dini binalaryna degişlidir. Bu binagärlik düzgüni esasynda Soltan Barkukyň metjit-medresesi (1384–1386 ý.) ýerine ýetirilipdir. XV asyryň birinji onýyllygynda Soltan Barkukyň başga bir binasy, ýagny mazarçylykdaky metjidi galdyrylýar. Bu gurluşygyň aýratynlygy metjidiň sütünli zalynyň burçunda galdyrylan gümmezli aramgähleri bolup durýar. Tagça görnüşli üçburçly örtmelerdäki gümmeziň ýerine ýetiriliş usuly XIV–XV asyrlarda Müsüriň binagärlik sungatynda öz ornuny tapypdyr. Köplenç, gümmezler baý we ady belli adamlaryň aramgäh-mazarlyklarynyň üstüne galdyrylýardy. Müsür üçin Fatimileriň döwründen bäri daş bilen örtülen, beýik, käwagt iki gatly eginlere galdyrylan çala ýiteldilen gümmezler häsiýetlidir.
Emma diňe binanyň içinde binagärlik keşbiniň çylşyrymlylygy we çeperçilik çözgüdi duýulýar. Girelgäniň gümmezinden we dar dälizden geçeninde, gelýän adam binanyň ululygyny duýýar. Soňra ol toplumyň meýilnamasynyň merkezi bolan uly, ýapyk görnüşli dörtburç howla düşýär. Howlynyň her bir tarapynyň tekiz beýik diwary ortarasyndan uly eýwanyň zömmek ýarym aýlawy bilen kesilendir. Uly ýarym aýlawlaryň we göni tekiz diwarlaryň ýerleşdirilişi, çyzyklaryň geometrik görnüşde berilmegi, şeýle-de howlynyň kub görnüşi ymaratyň binagärliginde adamy özüni örän kiçi diregi hökmünde duýmaga itergi berýär. Mähraply gündogar eýwany aýratyn hem owadandyr. Eýwanyň, mährabyň we münberiň diwarlary oýma mermer bilen bezelip, pollary bolsa mozaika bilen düşelipdir. Gümmezde ýüzden gowrak nagyşly we altyn çaýylan çyralar asylýar. Galanyň öňündäki meýdanda ýerleşen Soltan Hasanyň metjidi özüniň çeperçilik aýratynlyklary bilen orta asyr Kairiň binagärlik merkezleriniň içinde esasy binagärlik ýadygärligi hasaplanypdyr. Mazara eltýän gapy oýma bilen örtülen we altyn, kümüş, bürünç bilen haşamlanan. Jaýyň öň taraplary bezege baý. Girelgede güberçek nagyşlary we ýazgylar ýerleşdirilen.Köp gatly germewaç binanyň bitewüligini subut edýär.
Nädogry inedördül şekilli bölekde ýerleşdirilen bina soltan Hasanyň mazarlygyny, metjidini, medresesini, şeýle-de birnäçe kömekçi otaglary öz içine alýar. Metjit daşyndan demirgazyk-günbatara we günorta-gündogara tarap süýndürilen bitewi binagärlik bölegini emele getirýär. Daş diwarlary, onuň daş-töweregini gurşap alýan gurluşyklar agdyklyk edýär. Diwarlarda mazarlygyň gümmezi we Kaire mahsus, ilkibada dört sany köp gatly minaralar galdyrylypdyr.Binalaryň öň taraplary ençeme gatlara ýerleşdirilen penjireli uzyn tagçalary bilen bölünýär. Şeýle sazlaşykda dik bölümleriň arasynda demirgazyk jaýyň öň tarapyndaky uly girelge tapawutlanýar. Onuň gönüburçly uly sütünleri binanyň bütin boýuna beýgelýän prizma görnüşindäki haşam çykytly gümmezi çuň tagçany belleýär.
Baýmuradowa Gülnur
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 103-nji toparynyň talyby

RU



