Dünýäniň çar künjünden türkmen topragyna gelýän jahankeşdeleri gyzyklandyrýan soraglaryň iň esasy jogap tapylýan ýeri bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş muzeýi, nijeme ýyllar bäri türkmen medeniýetine, türkmen taryhyna hyzamt edýär. Muzeýimizde taryhy tapyndylara eýerip edilýän işleriň jemi boýunça birnäçe ylmy işler , şeýle-de ylmy barlag işleri birnäçe ýyllardan bäri alnyp barylýar hem –de şol işleriň netijesi hökmünde dünýä ýaýran türkmen topragynyň medeniýetiniň häzriki zaman döwrebap nusgalyk äheňlerinden başlap, taryhy ýollar bilen öwrenilýändigine şaýatlyk edýär. Türkmen topragynyň her daban ýeri barada taryhy maglumatlar saklanyp galypdyr. Türkmenistanyň çäklerinde arheologlar tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, şol döwürleriň maddy gymmatlyklaryna we sungatyna degişli maglumatlar bize aýan boldy. Häzirki döwürde halklaryň arasyndaky taryhy birlikleriň ýüze çykmasynda hem-de şol birligiň hem prahatsöýüjiligi saklamasynda esasy ugurlar boýunça döwrebap hyzmatyň ýerine ýetirilmegi bu gün ýurdumyzda sungayň hem medeniýetiň hem parahatsöýüjilikli şygara gulluk edýändigini subut edýär.Häzirki zaman ýetilen sepgitlerde bolsa, esasy ugry ýokary derejede gazanmak hem-de şol ugurlar boýunça edilýän işlerde halkyň gadymylygyndan ötri onuň sungatynyň ruhy hazyna bolan halk hazynasyna öwrülmesinde muzeýleriň wezipeleri hakynda gürrüň gidýär. Bu bolsa , esasy öňe çykarylmaly ugurlaryň biridir. Olaryň köpüsi adamzat ýaşaýşynyň we medeniýetiniň ösüş taryhyny öwrenmekde dünýäde meşhurlyk gazandy. Bu ýerlerde tapylan sungat eserleriniň köpüsi dünýä medeniýetiniň taryhynda özüne mynasyp orun tapdy. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan Türkmenistanyň taryhy-da şol häsiýetlere eýe bolan umumy taryhyň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistanyň taryhy biziň Watanymyzyň çäklerinde adamzat jemgyýetiniň döreýşini we ösüşini çuňňur öwrenmekdir. Her bir halk formilirlenýänçä, ol halkyň diliniň dowamatdan geçip, täsirler esasynda assimilýasyýalaşdyrylmagyna wagt gerek. Eýsem näme üçin döwre laýyklykda biziň dilimize alynma sözler girip, olar häli- şindi gündelik durmuşda gabat gelip duran zatlaryň serhedini bize ýatladýar. Elbetde her bir halkyň öz medeniýeti, sungaty we dili, dini ynanjy bar. Muzeýler bilen bagly meselelerde bolsa, medeniýetimize, nesillerimize, ynanjymyza siňdirmek üçin elimizde baryny edýäris. Hat- da dag- düzleri aşyp, zeminiň bir böleginden beýleki bölegine gidip, kitaphanalardan öz gelip çykyşymyz hakynda gymmatly çeşmeler taryhyny hem- de edebiýatyny, sungatyny, medeniýetini öwrenmäge ilgezik adamlar kän. Türkmen halky öz taryhy kökleri bilen dünýäniň bäşilenji siwilizasyýasynda ýer alan halk. Hormatly Arkadagymyzyň “ Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda türkmen häsiýetindäki ganybir zatlaryň dünýäniň haýsy nokadynda bolsa- da birleşdirýändigini belläp geçipdir. Her bir halkyň düýp köki kemala gelmezden öň ol halk edil daragtyň toprakdan nem alşy kibi “nemlenýär” we “iýmitlenýär”. Gahryman Arkadagymyzyň “ Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyndaky Abu seýit Mähneýi- Mäne babanyň mysalynda alynan tymsal “ Söz bermek, sözüňde durmak” medeniýetini özünde jemleýän beýik medeniýetiň- türkmen medeniýetidigini subut edişi juda täsirli. Söz diýen beýik gudratyň möhür güýjüniň bardygyny- da asyrlar boýy alymlar subut edip gelýärler. Häzirki döwre çenli adamzat söz möhrüni öz ynamyny gazanan adamlar bilen amala aşyryp gelýär. Adamzat döräli bäri özüniň ýazgylaryny, ýagny ýüregindäki duýgularyny nagyşlara geçiripdir-de ony belli bir wagt içinde ulanypdyr. Ol nagyşlaryň ilkinjileriniň döremegine diňe adamzadyň öz çeken jebri sebäp bolup biler we bu meseläniň soňy adamyň öz çeken jebrini adamlara ýaýyp, aýdyp gitmek arzuwy bilen amala aşyrylypdyr. Ol husus onuň durmuşyny nähilidir bir hili görnüşde kemala getirmegidir. Ýagny bu hususa soň- soňlar adamlar “sungat”diýip, at beripdirler. Elbetde adam öz ýüreginiň dili bilen ilki başda ýaşan gaýalaryna, soňra ýeriň aşagyndakyky ýerzeminleriň diwarlaryna, has soňraklar welin öz diliniň aňladyş şekilleri esasynda bolsa, ýazgylara sudur çekipdir.
Marguş oazisinde, ýagny köne Merwden tapylan öý binýatlarynyň tegelek şekili bolmagy şekile bolan aýratyn hormatdan nyşandyr. Meşhur arhiolog Nikolskiý şeýle ýazýar:“Şumerleriň Ata watany Aşgabat şäheriniň ýakynlarynda hasaplanýar. Türkmenistanyň şekillendiriş muzeýinde eksponat hökmünde görkezilýän ajaýyp ýadygärlikler tapyndylary hem bu çaklamanyň üstünlikli ýerine ýetirilendigine şaýatlyk edýär. Çünki ol ýerlerden tapylan daş, kümüş we palçykdan ýasalan heýkeljikler Mesopotamiýanyň günortasyndan tapylan tapyndylara gaty meňzeşdir. Bu meňzeşlik bolsa, olaryň arasyndaky baglanşygyň gaty ýakyn bolandygyndan habar berýär. Her bir halk öz aň-düşünjesinde taryhyny goramak we geçmişiniň daşyna gyzylly jähek çekmek arzuwy bilen nesillerini ýetişdirýär. Türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň gaznalaryny doldurmaklyk muzeý işiniň esasy wezipeleriniň biridir. Şonuň üçin bu sany boýunça iň köp we mazmun taýdan iň doly we dürlidir. Mundan başga-da muzeýi9mizde birnäçe döredijilik işleriniň bolmagy dünýä medeniýetlerine galtaşýan taryhymyzyň bolandygyny subut edýän hadysadyr. Dünýä sungatynyň gazananlaryny öz döredijiliginde eserleriniñ üsti bilen görkezip, türkmen suratkeşleri milli sungatyň ösüş tejribesinden peýdalanýarlar, beýle ýagdaý bolsa, ajaýyp eserleriň döremegine, ýurduň ruhy gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna ýardam berýär. Her bir adam bir adama beýleki halkyň dilini öwredip bilse,onuň sogaby juda ýokarydyr.
Şekillendiriş sungatynyň şeýle ajaýyp eseri kesilip nagyşlanan bezegleriň ýerli usullarynyň gadymylyga şaýatlyk edýär, XI-XII arhitekturasynda olar gülläp ösüpdir. Has soňrak, Seljuklar eýýamynda ýerli binagärlik mekdebiniň gülläp ösen ýeri bolan hut Sarahs sebitinde kesilip nagyşlanan bezegleriň tapylmagy, şol mekdepleriň ussatlarynyň diňe bir öz dogduk diýarynyň çäklerinde däl-de, eýsem onuň çäginden has alyslarda- da ajaýyp ýadygärlikleriň ençemesini döredipdirler. Ýurdumyzy, watanymyzy, halkymyzy, hormatly arkadagymyzy söýmek, ula- kiçä hormat goýmak, dostlukly gatnaşyklaryň iň wajybydyr. Döwrüň sesi bieln aýakdaş bolup, hormata mynasyp bolmagy gazanmak bu günki gün iň zerur zatlaryň biridir. Elbetde Gahryman Arkadgymyz. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşen halkymyz Türkmenistan diýarymyzyň goýnunda Bitaraplyk derejesi bilen dünýä halkarlaryna parahatçylyk söýüji ýol- ýörelgäni baýdak edinmegini ýaýamagy bu günki gün halkara diplomatiýanyň uly goşandynyň bardygyny subut edýär. Dünýäniň çar künjüne uzaýan ýüpek ýolunyň aýratynlygy her haçan dostlugyň medeni aýratynlyklaryny özünde jemlän bolsa,onda häzirki döwürde ykdysady hem- de syýasy,maddy hem- de ruhy medeniýetleriň bir sapaga düzülmesinde wajyp rol oýnaýar.
Aslynda- da beýik medeniýetleri birleşdirýän düzgünleriň esasy aýratynlygy olaryň medeni birlikleriniň hem- de ruhy ahwallarynyň ýumagyny bir sapaga düzýän mazmun açarydyr. Her bir gymmatlyk öwrenileninde, ol haýsy medeniýetlerden gözbaş alyp gaýdypdyr, şol medeniýetleri birleşdirýän yklymlarda nämeler has wajyp orunlary tutupdyr hem- de halkyň adalatly ýollaryna olaryň haýsy gelipdir we kimler tarapyndan döredilip, kimler tarapyndan saklanyp galypdyr, ine şu mazmun ählini birleşdirýän zynjyr bir bitewi göwräni beýik siwilizasiýany düzüpdir. Şol medeniýetlerde göz öňüne tutulan zatlaryň üstüni kimler açypdyr. Ine şu taryhy özboluşlylygy saklaýan ähli medeniýetleriň düýbi baryp dünýäde bolup geçen we öz yzyny ymgyr çöllüklerde goýup giden ähli medeniýetlerde nyşan berýän wakalar çözgüt tapýar. Gadymy siwilizasiýalaryň arabaglanyşygyny emele getirýän halkanyň içinde türkmen topragynyň bolmagy, şol halkada emele gelen, taryhyň beýik medeniýetlerini özünde jemleýän tapyndylar türkmen topragynyň, has dogrusy Jeýhun bilen Bahry Hazar arasyndaky sallançagyň dünýäniň ösen medeniýetiniň bir nokadydygyny diňe 21 asyrda- Garaşsyzlygy alanyndan soň subut edildi. Ýagny Gadymy Marguşdan tapylan ýerasty şäher, Ahal welaýatynda ýerleşýän altyn depe taryhy medeni gatlak, Änew medeniýetini özünde jemleýän tapyndylar türkmen topragynyň hiç wagt ýönekeý bir taslamalar bilen däl- de eýsem hakyky barlyklar bilen özen alýandygyny subut edýär.
Nusaý galasy özüniň ýerleşýän meýdany bilen 14-15 gektar töwereklerini hem öz içine alýar. Biziň muzeýimizde hem Nusaý goraghanasyna degişli bolan birnäçe tapyndyalr we şol bir sanda olara degişli keramiki bölejikler asyrlaryň dowamynda nedilen işleriň ýaňydyr. Şirmaýydan edilen ritonlardaky şekiller bolsa, sahnalaşdyrylan görnüşde bezelip, skifleriň parfiýa patyşalygyny ýer ýüzünde tanadan täsin haşamlarda görkezmek üçin ýörüte buýruk berilen bolmagynyň mümkindigini kesgitleýän maglumatlar bilen gabat gelýär.Özüniň gülläp- ösen döwründe Ortaýer deňzinden Demirgazyk – Günbatar Hindistana çenli aralygy alan skifleriň, ýagny Parfiýanlaryň şol döwürde ykdysady hem syýasy taýdan göreldeli gujurly döwleti gurup, döwrüň syýasy wakalaryny hem- de söwda aragatnaşygyndaky ykdysady meseleleri esasan sungata siňdirmegi bu adamzadyň bakylygy sungatda görýändigini ýene bir gezek subut edýän hadysadyr. Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň “ Türkmenistan beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly mukaddes kitabydyr. Türkmenistanda bolup geçýän düýpli özgertmeler ýurduň ykdysadyýetiniň we medeniýetiniň ösmegine uly mümkinçilikleri döretdi. Hut şol eserleriň esasynda Aşgabadyň ülkäni öwreniş muzeýinde çeperçilik bölümi gymmatlyklary türkmen nakgaşçylygynyň, grafikasynyň we heýkeltaraşlygynyň uly ýygyndysy bolmak bilen, hakykatda bu ugurlaryň döreýiş we ösüş tapgyrlarynyň hemmesini açyp görkezýär. Muzeý gaznahanalarynda häzirki wagtda diwar suratlarynyň esasynda şol döwrüň medeniýeti we sungaty ýokary ösüşde barada düşünje almak bolýar. Tapylan ýüzi baktriýalylaryň düýesiniň şekili çekilen ajaýyp kümüş gap hatda biziň döwürlerimiziň tomaşaçylaryny hem özüniň jandarlary şekillendirmekde hakykatçyllyk ýörelgeleri bilen haýran galdyrýar.
Özboluşly tehniki we çeperçilik ussatlygy bilen ýerine ýetirilen köp sanly metal möhürleriň bezeginde hem haýwan şekiljikleri agdyklyk edýär.Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň ylmy işgärleri we hünärmenleri sergi guramak boýunça uly işleri alyp barýarlar. Gündogar ýurtlarynyň medeniýetiniň ösüşinde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm orny bardyr. Türkmenistanyň şekillendiriş Muzeýiniň hem hünärmenler topary hem-de ylmy işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen medeniýetini ýaýmakda , sungatymyzy hem-de medeniýetimizi dünýä tanatmakda gije- gündiz zähmet çekýär. Bize öz taryhymyzy öwrenmekde şeýle mmükinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, başlary dik, alyp barýan döwlet ähmiýetli işlerinde rowaçlyklar ýaran bolsun!
Ogulmerjen Annaýewa
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň esasy hünärmeni