Bütindünýä telewideniýe güni(World television Day) Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň teklibi esasynda 1997-nji ýyldan bäri her ýylyň 21-nji noýabrynda bellenilýär.
1996-njy ýylyň 17-nji dekabrynda Baş Assambleýanyň 88-nji umumy mejlisinde ilkinji nobatda parahatçylyk, howpsuzlyk, ösüş we medeni alyş-çalyşyň giňelmegi ýaly teleýaýlym gepleşikleriniň alyş-çalşyny ösdürmek maksady bilen bu Halkara gününi bellemek teklip edildi. Şol ýylyň 21-22-nji noýabrynda bolsa BMG-niň ilkinji Bütindünýä telewideniýe forumy geçirildi. Şol ýerde dünýäniň öňdebaryjy metbugat wekilleri BMG-nyň guramagynda özara duşuşdylar. Onda häzirki üýtgeýän dünýäde telewideniýäniň barha artýan ähmiýetini we özara hyzmatdaşlygy nädip ösdürip boljakdygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şol sebäpli Baş Assambleýa 21-nji noýabry Bütindünýä telewideniýe gününiň yglan edilmegi – ilkinji Bütindünýä telewideniýe forumynyň senesinde bellemek kararyna geldi.
Aslynda, Bütindünýä telewideniýe güni, telewizoryň tehniki taraplary däl-de, onuň asuda durmuşymyza getirýän pelsepewi peýdasy üçin bellenilýär. Häzirki zaman dünýäsinde telewideniýe aragatnaşygyň we globallaşmagyň nyşanydyr.
BMG-nyň Baş sekretary 2002-nji ýylda Bütindünýä telewideniýe güni mynasybetli eden ýüzlenmesinde: “Bütindünýä telewideniýe gününiň her ýyl bellenilmegi, telewideniýäniň dünýä ýüzünde parahatçylygy wagyz etmekdäki we ösüşi ýokarlandyrmakdaky roluny görkezmek maksady bilen geçirilýär” diýip belleýär. Munuň özi telewideniýäniň habar beriş serişdeleriniň bir görnüşi hökmünde biziň durmuşymyzdaky ornunyň örän ýokarydygyny alamatlandyrýar.
Merdanowa Dünýägözel
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 103-nji toparynyň talyby

RU












