Tüýdük Türkmen saz gurallarynyň iň gadymylarynyň biri hasaplanýar. Ol halkyň iň irki döwürlerden bäri aýdym-saz döredijiliginiň aýrylmaz bölegi bolupdyr.Tüýdük köp wagtlap çopanlaryň gurallary bolup galypdyr. Olar sähralykda mal bakanda ýa-da ýanyňy ýatlanda, öz ýüreklerindäki duýgularyny tüýdügiň owazy bilen beýan edipdirler. Şonuň üçin tüýdük owazlarynda sähranyň tämizligi we tebigat bilen baglanyşyklylyk güýçli duýulýar.Tüýdük bagşyçylyk ýolunda hem ulanylyp, nagra we surnaý ýaly beýleki saz gurallary bilen bilelikde toý-dabaralaryň ýaraşygy bolup hyzmat edipdir.
Tüýdük türkmen halkynyň diňe bir saz guraly bolman, eýsem, asyrlaryň dowamynda aýawly saklanyp galan baý milli mirasyň hem janly beýanydyr.Türkmen tüýdüginiň owazy diňleýjiniň kalbyna aralaşýan, tebigatyň we çopan durmuşynyň aýratyn duýgusyny özünde jemleýän geň-enaýy bir sesdir.Türkmen tüýdükleri türkmen halkynyň iň gadymy we esasy milli saz gurallarynyň biridir. Olaryň owazlary sähranyň giňligini, çopan durmuşyny we halkyň ruhuny beýan edýärTüýdügiň owazy, esasan, onuň ýasalyş materialyna (gargy ýa-da agaç) we görnüşine (dilli ýa-da dilsiz) baglylykda üýtgeýär, ýöne umumy häsiýetleri şulardyr:
Ýiti we Inçe (Dilli Tüýdük üçin): Dilli tüýdükde owaz has ýiti we näzik çykýar. Bu aýdym-saz gurşawynda beýleki seslerden tapawutlanyp, esasan şadyýan heňleri ýerine ýetirmek üçin amatlydyr. (Gargy Tüýdük üçin): Gargy tüýdügiň owazy has ýumşak, ýürek gysgynç we ynsan kalbyna ýakyn bolýar. Bu owazda tebigatyň we sähranyň sypaýylygy duýulýar. Tüýdükden çykýan ses, saz guralynyň emeli däldigini, tebigy materialdan ýasalandygyny aňladýan tebigy reňke eýedir. Onda ýönekeýlik, arassalyk we açyklyk bardyr. Dilli tüýdük toý-dabaralarda ulanylanda, güýçli we şadyýan heňler bilen bagtly pursatlary, şüweleňi we joşguny döredýär.Bu hem dilli tüýdügiň bir görnüşi bolup, adyndan görnüşi ýaly, gargy gamyşdan ýasalýar.
Köplenç çopanlar tarapyndan ulanylyp, mähirli we ýürek gysgynç (liriki) owazy bilen tapawutlanýar.
Ýedi Bogun (Çopan Tüýdügi):
Käbir çeşmelerde bu atlandyrma hem ulanylýar.
Bu tüýdük, adaty flýutalara has ýakyn, dilsiz görnüşi bolup, çalynýan wagtynda dudak (pyçak) arkaly üflenilýär.
Türkmenleriň saz sungatynda dutar we gyjak ýaly gurallar bilen bilelikde iň möhüm orny eýeleýär.
Rejepmyradow Mekan
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 105-nji toparynyň talyby