Ata-babalarymyzyň aýtgylarynda keteniniň özboluşlylygy türkmen zenanynyň sungaty bilen deňeşdirilýär:”Eger-de türkmen halysy ýaly haly, keçesi ýaly keçe, ketenisi ýaly keteni dünýede ýok bolsa, olary döreden çeper elli gelin-gyzlar, mährem eneler hem dünýede tapylgysyzdyr.”Bu aýtgy keteniniň hiliniň we gözelliginiň dünýädäki ähli beýleki el işlerinden ýokary goýulýandygyny, şeýle-de ony döreden türkmen zenanynyň tapylgysyz zähmetiniň we çeperçiliginiň waspyny ýetirýär.Keteni türkmen halkynyň milli gymmatlygy we bu günki güne çenli saklanyp galan gadymy sungaty hasaplanyp, ýüpek matanyň bir görnüşidir. Ol Türkmenistanda aýratyn ähmiýete eýedir we köplenç milli lybaslary taýýarlamak üçin ulanylýar.Keteni dokamak sungaty örän gadymydyr. Türkmenler asyrlar boýy ýüpekçilik bilen meşgullanyp, ýüpekden geýim tikip, nagyşlap gelipdirler.Keteni Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Merw we Nusaý ýaly şäherlerde dokalyp, dünýäde meşhurlyk gazanypdyr.
Keteni önümleri türkmen halkynyň bezeg we amaly sungatynyň täsirine düşen myhmanlar we daşary ýurtlylar tarapyndan gymmatly ýadygärlik hökmünde yzygiderli satyn alynýar.Keteni diňe bir mata däl, eýsem türkmen halkynyň filosofiýasyny, edep-terbiýesini we taryhyny özünde jemleýän milli mirasdyr.Keteni dokalýan wagty aşakda iki sany üzeňňi bardyr (gije bilen gündizi aňladýan). Olar erişleriň arasyny açýar.
Manysy: “Wagt seniň aýbyňy hem açar, ýagşy gylyk-häsiýetleriňem” diýmek. Keteni dokamakdaky bu proses, adamyň durmuş ýoluny aňladyp, wagtyň geçmegi bilen her bir häsiýetiň açyk-aýdyň ýüze çykýandygyny görkezýär. Gizlin zat ýok, wagt hakykaty görkezer.
Keteni dokalýan wagty erişleriň (inçe ýüpek tarlaryň) lülelerden we sazdan geçirilmegi “edep-terbiýedir” we “häsiýetleriň sazlaşygydyr” diýip düşündirilýär. Pet berlen ketenili gyzlar bolsa enelerinden-atalaryndan pent alan gyzlar hökmünde kabul edilýär.Öňler keteniden tikilen lybaslar esasan dondur we ezýaka köýnek bilen çäklenýän bolsa, häzirki wagtda ondan ýuka şifondan we organzadan başlap, dykyz tafta çenli dürli syklykly matalar öndürilýär.Gelinlik Kürtesi: Toý dabarasynda gelniň başyna atylýan gyzyl kürte köplenç keteniden tikilýär. Gyzyl reňk türkmen sähralarynyň gyzyl güläleklelerini ýada salýar we ýagşy dileg, bagt hem-de durmuşyň gözelligini aňladýar.Gelin-gyzlaryň esasy lybasy bolan keteni köýnekler elde edilen gaýmalar (nagyşlar) bilen bezelip, sungat eserine öwrülýär. Häzirki wagtda häzirki zaman modasyna laýyk gelýän zerli keteni, pombah keteni ýaly dürli görnüşleri bar.
Görnüşi ýaly, keteni diňe bir mata däl, eýsem türkmen durmuşynyň we ahlagynyň beýik bir aýnasydyr.
Guwançmyradow Resul
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 105-nji toparynyň talyby