Gopuz Aziýa halklarynyň medeni  durmuşyna giňden ýaýramak bilen olaryň dürli görnüşlerde atlandyrylýandygyny görmek bolýar. Orta asyr alymy Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat et-türk» («Türki dilleriň diwany») atly kitabynda gopuzyň türkmen medeni durmuşyndaky orny, manysy we ulanylyş  ýerleri barada giňişleýin maglumat­ beýan edilýär.

Türkmen gopuzy parallel uzyn uçly nal şekilli we onuň ortasyna berkidilen inçejik polat dilden ybaratdyr. Gopuzçy guraly dodagyna eltip, egrem ujuny çekip goýbermek bilen, onuň dilini yrgyldadýar. Agyz boşlugy rezonator bolup hyzmat edýär, onuň göwrümini üýtgedip, ýerine ýetiriji zerur sazlaşygy güýçlendirýär.Gopuzyň jadylaýjy ritmleriniň dury, labyzly, ýumşak sesi, takt, säginme, temp, ton, nota owazlary açyk ýaýlada asuda, dury howada gündizine 1000 metre, gijesine bolsa 1500-3000 metre çenli uzaklyga eşdilÿàr.

Ata-babalarymyz tarapyndan döredilen bu gural häzirki wagtda hem meşhur, çünki gopuz çalmagy öwrenmek üçin, sazçylyk mekdebiniň ýa-da konserwatoriýanyň talyby bolmak hökman däl.Türkmen gopuzynyň birinji oktawanyň do notasyndan başlap, si notasyna çenli aralygy tutýan diapazony guşlaryň saýramasyna, atyň toýnak sesine, dokmanyň darak sesine meňzeş dürli ritmli parçalary çalmaga mümkinçilik berýär.Çankowuz, kubyz, dan mina, şankobyz, gopuz, wargan ýa-da zubanka – bularyň hemmesi gaty gadymdan biziň döwrümize gelip ýeten dilli saz guralynyň atlarynyň käbiri.Türkmen maşgalalarynda gopuz çalmagy gyzlara çagalykdan öwredipdirler. Gyzlar ony hemişe elýetrde bolan «sazly tumar» hökmünde göteripdirler. Ata-babalar ses alnanda kesel bejeriş täsirine we adamyň saglygyna peýdaly täsir edip biljekdigine ynanypdyrlar.Gopuzlar ölçegleri, atlandyrylyşy, göwrümi, ýasalyşy babatda tapawutlanýarlar. Gopuzyň müçesine, göwrümine görä, belentli-pesli dürli sesler alynýar. Gopuz çep eliň bilen iki dişiň arasynda çalaja gysylyp saklanýar. Soňra sag eliň süýem barmagy bilen onuň diljagazy­na kakylýar. Gopuzdan agyz boşlugynyň, dodagyň, diliň kömegi bilen hem-de howa sorup çykarmagyň netijesinde dowamly heňler alynýar. Gopuz çalnanda ýeke kakuw, goşa kakuw, çalt kakuw, sazlaşykly  kakuw­ arkaly   şirin mukamlar  döredilýär.

Işangulyýew Yhlas
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 105-nji toparynyň talyby