Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilip hemişelik Bitaraplyk derejämiziň indi üçünji gezek ykrar edilmegi döwlet Baştutanymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek boýunça tagallalarynyň dünýä ýüzünde giňden goldanylýandygyny aýdyň görkezýär.
2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda möhüm iki sany şanly sene ýagny — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we bu guramanyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy ulydan baýram edilýär. Geçen bu 30 ýylyň dowamynda Türkmen Bitaraplygy sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň wajyp şertine öwrüldi. Halkymyzyň belent ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny ilerletmek babatda Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmegiň şöhratly ýoluny görkezýär.
30 ýyllyk hemişelik bitaraplyk taryhy, diňe bir diplomatik ösüş däl, eýsem ykdysady, medeni, ekologik hyzmatdaşlygyň hem ýoluny açdy. Ýurdumyz energiýa howpsuzlygy, ulag geçelgeleri we ekologiýa ýaly halkara ähmiýetli taslamalaryň merkezi nokadyna öwrüldi.
Şeýlelikde, Bitaraplyk diňe bir syýasy status däl-de, parahatçylyk, ynanyşmak, ösüş we abadançylyk ugrunda alnyp barylýan giň gerimli tagallalaryň netijesi bolup çykyş edýär.
Altyn HUDAÝBERGENOWA
Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar bakja- bagynyň terbiýeçisi