Mongollaryň basybalyjylykly çozuşyndan soň (XIII asyryň birinji çärýegi) XIII asyryň ikinji ýarymyndan başlap, şäherler dikeldilip başlanýar, monumental desgalar gurulýar. Ak Ordanyň döwleti döwründe XIV asyrda Syrderýa jülgesinde daýhançylyk merkezleri dikeldilýär, senetler we söwda ösüşe eýe bolýarlar. XIV asyryň 70-nji ýyllarynda Ak Ordanyň paýtagty Sygnak şäheri pajarlap ösýär. XIV asyryň ahyrynda Türküstan şäherinde Hoja Ahmet Ýasawynyň ajaýyp aramgäh toplumy döredilýär.
Ol giň merkezi zalyň daşynda toplanan 30-dan gowrak dürli jaýlary öz içine alan äpet desga bolupdyr. Özara içki uruşlar (XV–XVI asyrlar) we jungar çozuşlary (XVII asyryň 40‑njy ýyllary – XVIII asyryň 20-nji ýyllary) Gazagystanyň ykdysadyýetiniň we medeniýetiniň pese düşmegine getiripdirler, birnäçe köne şäherler tozdurylypdyr. Şunuň bilen bilelikde, XVII–XVIII asyrlarda patyşa Russiÿasynyñ Gazagystana aralaşmagy bilen Gazagystanyň günbatar, demirgazyk we demirgazyk-gündogar serhetlerinde rus harby berkitmeleri döräpdir – Uralsk, Gurýew, Semipalatinsk, Ust-Kamenogorsk, Petropawlowsk we beýlekiler, olar soňra Gazagystan üçin täze görnüşli şäherleri emele getiripdirler. Ýönekeýleşdirilen binagärlik görnüşindäki aramgähler gurlupdyr, olar pes, inedördül meýilnamaly bolupdyrlar, belent konus ýa-da tuwalga şekilli gümmezler bilen üsti ýapylypdyr (Karmakçyatada Şyhnyýazyň aramgähi (XVII asyr, Gyzylorda welaýaty), Suzakdaky aramgähi (XVII asyr), Tulegiň aramgähi (XVIII asyr, Karaganda welaýaty).
Aramgähleriň gurluşygynda gazaklaryň arka-gümmez gurluşlarynyň däpleri dikeldilýär (bişen ýa-da çig kerpiçden), nagyşly bişirilen toýunly we syrçaly örtgi plitalary giňden ulanylýar. Bezegde daşyň ýüzüne haşamlama we diwar nagyşlary ulanylýar (sada däp bolan sahnalar, öý zatlary we beýlekiler). Günbatar Gazagystanda hek daşyndan standart bölek plitalary ulanypdyrlar. Aramgähleri bişen kerpiçden girelge-gümmez görnüşinde gurlupdyr (Žuzden, XIX asyryň birinji ýarymy, Tort-Kara, XIX asyryň 40-njy ýyllary, Karaganda welaýaty; Şokaýa, XIX asyryň ortasy,Kara Sopy XIX asyryň 70-nji ýyllary – ikisi hem Günorta Gazagystanda) ýa-da hek daşyndan gümmezi merkezleşdirilen görnüşde gurupdyrlar (Mangyşlak ýarymadasynda Senek diýen ýerde, Üstýurt üsti tekiz belentlikde we beýlekiler). Günbatar Gazagystanda XIX asyryň ahyrynda–XX asyryň başynda «sagana-tamlar» (mazar üstüniň desgalary) has giňden ýaýrapdyr. Olar meýilnamada gönüburçly, gapaksyz, uzynlygyna haýatlary ýan haýatlaryndan birneme belent bolupdyr. Diwarlaryň ýüzi haşamlanypdyr. «Kulup-taslar» has ýygydan gabat gelýärler. Olaryň gelip çykyşy köne heýkellerden gaýdýan kesilen daş sütün ýadygärlikleridir.
Nurgeldiýewa Ogulnur
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 114-nji toparynyň talyby

RU









