Himedzi galasy. XVI asyryň ahyrlaryndaky XVII asyryň başlaryndaky çaý öýüniň binagärligine garanyňda, Ýaponiýada ilkinji gezek ýüze çykan köşk binagärligi has giňden meşhur bolupdyr. Köşkler içki uruşlaryň we ýurduň goranmak  üçin birikdirilmegi ugrundaky göreşleriň döwründe gurlupdyr. Soňra olar iri feodallar – daýmýolar tarapyndan her bir prowinsiýada gurlup başlanylypdyr, şeýlelik bilen, administratiw, söwda, medeni merkezlerine öwrülipdirler we olaryň töwereginde täze şäherler döräpdir. Şol döwrüň köşklerinden örän az sanlysy saklanyp  galypdyr (Osakoda, Nagoýada, Masumotada, Kumamotada). Iň bir häsiýetli köşkleriň biri hem 1601-nji ýyldan 1609-njy ýyl aralygynda köşk binagärliginiň iň bir pajarlap ösen döwründe gurlan Himedzi galasydyr.

Onuň kuwwatly daş örümleri bilen al-asmana pel-pelleýän ak gar kimin gupbalary we diwarlary, wagtyň gelmegi bilen «Ak goguryň köşgi» atly ikinji adyny alypdyr. Binagärlik göwrümleriniň kuwwatlylygyna garamazdan, onuň egilip duran köp ganatly üçekleri özünde şol bir wagtda agraslygy we ýel ýaly duýgyny şöhratlandyryp,asmanda uçup barýan guşuň keşbini döredýär. Köne köşkler ýaly, onuň hem içki galasy tensýu – gümmezinden ybaratdyr. Köşgüň umumy meýilnamasy ýaşaýyş we gulluk jaýlaryny özünde jemlemek bilen örän çylşyrymlydyr hem–de labirinte meňzeş bolup, ol hem strategiki maksady hökmünde kabul edilipdir.

Merkezi gümmeze barmak üçin örän dürli görnüşli konstruksiýaly ondan gowrak  derwezeleri geçmeli bolupdyr. Aglaba harby maksatlara laýyk gelen ilkinji köşkler, köplenç, belent ýerlerde gurlan bolsa, onda uruşlar tamamlanyp, olaryň goranmak wezipesi ýitip gideninden soňra olar özleriniň usul kanunalaýyklyk görnüşleri bilen bolmaklaryny dowam etdiripdirler. Olar feodal eýeçiligindäki ýerleriň merkezi hökmünde açyk giňişliklerdäki baýyrlyklarda gurlupdyr, ýöne köşkleriň daşyny şol öňküsi ýaly gümmezli we derwezeli, daşyna çuň ýap gazylyp aýlanan, käwagt içi suwdan doldurylan ýogyn diwarlar gurşap alypdyr. Bu eýýäm binagärlikde şol galanyň eýesiniň durmuşyny, baýlygyny we abraýyny aňladyp, aç‑açan rezidensiýa görnüşinde gurlan görnüşdir.

Baýmyradowa Sülgün
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 114-nji toparynyň talyby