Magryp ýurtlarynyň sungaty (VII–XIV asyrlar)Tunisiň binagärligi. Magrypdaky araplaryň iň iri gurluşyklary Tunisde ýerleşýär.647-nji ýylda arap goşunlary Wizantiýany basyp alyp, 670-nji ýylda Okbaben Nafiniň baştutanlygynda döwlet gurup, Kaýruanda gurluşyklary alyp barýarlar.Kaýruandaky Sidi-Ukba metjidini Magrybyň ähli dini gurluşyklarynyň enesi diýip atlandyrýarlar. Bu metjit şöhratly Sidi-Ukbanyň namaz okan ýeriniň üstünde galdyrylypdyr. Kaýruandaky Sidi-Ukba metjidi. VII asyryň ahyrynda esaslandyrylan. Esasan IX asyrda täzeden gurlan. Howlynyň günorta-gündogar tarapynyň arkadasyŞonuň üçin bu şahsyýetiň adyny göterýär (695 ý.). Ol ilki gurlup, soňra ýumrulýar we 695-nji ýylda täzeden dikeldilýär. 724–743-nji ýyllarda halyf Hişam tarapyndan dikeldilýär.
Emma 836-njy ýylda ýene-de ýykylyp, Ziýaddet Alla Emir tarapyndan galdyrylypdyr. Şondan soň (863-nji ýyldan tä XVII asyryň soňky ýyllaryna çenli) ençeme gezek gurlup giňeldilýär. Metjit romb görnüşli dörtburçluk bolup, on ýedi gapdal uzaldylan jaýlara bölünýär. Onuň merkezi okundaky uzaldylan jaýy galanlardan uludyr. Uzaldylan jaýlaryň mährap bilen kesişen ýerinde gümmez galdyrylypdyr. Uly howlynyň daşyny sütünli ýarym aýlawlar gurşap alyp, beýik minara bilen kesişýärler. Minara siriýalylaryňka meňzeş bolup, olardan tapawutlylykda dörtburçly kesigi bolan üç sany gatdan ybaratdyr. Onuň birinjisi aşaklygyna ggiňelip, ikinjisi bolsa ýokarlygy-na gapyrgaly gümmez bilen tamamlanýar. Metjidiň daşky diwarlary hem-de galyň dik çykytlary (kontrforslary) kerpiçden, emma howlynyň ýarym aýlawlary we minara daş kerpiçden galdyrylypdyr. Sütünleriň başylary korinf we taslama order tertibinde döredilen.
Potoloklar tekiz edilen. Emma tagçalar, medalýonlar daşyň ýüzündeoýma ösümlik nagyşlary bilen bezelipdir. Gümmez dörtburç arkaturaly esasyň– çüňkleri kesilen sekizburçly egniň üstünde gapyrga görnüşinde galdyrylan. Mährabyň tagçasy 28 mermer plitasyndan düzülip, olaryň her haýsysynda ösümlik we geometrik nagyşlar ýerleşdirilipdir. Tagça agaç gümmezi bilen tamamlanyp, onuň içi gyzyl çaýylan nagyşlar bilen bezelipdir.
Agaýewa Jeren
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 119-njy toparynyň talyby

RU












