Heýan şäheriniň täze paýtagtynyň gurluşygynda imperator köşgüne eltýän merkezi ok köçäniň köne meýilleşdiriliş ýörelgesi bilen düýbi tutuldy. Köşk döwlet, durmuş weözgertmekde Heýan imperatorynyň köşgi saklanylyp galdy, ol ýeterlik derejede arhitektura toplumyny, umuman, onuň her bir bölegini, degişlilikde bolsa, sinden–dzukuri binagärliginiň ähli ýörelgelerini göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär.
Toplumyň merkezi – Sisinden tagt eýwany, onuň günorta tarapynda ak çagyl daş dökülen dabaralar köşgi ýerleşýär.Giň merdiwanlar köşgi Sisinden jaýyň içki görnüşi bilen birleşdirýärdi. Onuň gapdallaryndan zala girelgäni goraýan, görnükli plastiki göwrümi emele getirip duran iki sany agaç – mandarin we ülje agaçlary uly bolmadyk bambuk germewlerinde ösýär. Taslama özüniň berk we ýönekeý esaslarynda köşgüň giňişligini, saklap duran ýeke-täk sütün bolmazdan içki ähmiýetliligini açyp görkezýär.
Tagt zalynyň demirgazyk-günbatar burçuna tarap Seýrýoden diýip atlandyrylýan imperatory şahsy otaglary uzalyp gidýär, gündogar tarapyndan bolsa peýzaž bagy başlanýar. Onuň merkezi emeli howdanly ada bolup, onuň arka tarapyndan bolsa gaýadan aşak inýän şarlawuk we beýik bolmadyk emeli depeler bolupdyr.
Ähli döwürleriň üýtgemelerini göz öňünde tutmak bilen ýerine ýetirilen depeleriň we ýoljagazlaryň ajaýyp görnüşli, bahar gülleriniň hoşboý ysy bilen doldurylan we giç güýzde tebigatyň saralyp solmagynyň tukatlandyryjy suratyny janlandyrýan bag lezzet bilen sereden ýaly eseriň töweregine jemläpdir, tomaşa ýeri bolupdyr, ol köşgüň giňişlik konsepsiýasyna sazlaşykly goşulypdyr we onda ýaşaýanlaryň durmuşyna laýyk gelipdir.
Imperator köşgüniň görnüşinde Heýan aristokratlarynyň jaýlary biraz ýönekeýleşdirilen, emma takyk taslama çyzgysy boýunça gurlupdyr. Olar öz ýönekeýligi bilen tapawutlanypdyrlar.
Hajymämmedowa Tawus
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 119-njy toparynyň talyby

RU












