Budda ybadathanalarynyň çäkleri dabaraly däp-dessurlary geçirmek üçin niýetlenilipdir, ähli gurluşlar erkin synlamak üçin ýer bolar ýaly giň meýdanda ýerleşipdir, ýöne meýilleşdirilen taslamalarda daşary ýurtdan getirilen öý pikirleriň Ýaponiýanyň özüne mahsus bolan çeperçilik ölçegleri bilen doldurylýandygy we düzedilýändigi duýulýar.
Bu janly we döredijilikli gatnaşyk biziň günlerimize çenli ýeke-täk saklanyp galan, 607-nji ýylda gurlan irki Horýudzi ybadathana toplumynda ýüze çykýar. Horýudzi monastyrynyň görnüşlerinde irki orta asyr hytaý binagärliginiň tipologiki alamatlary dikeldilýär.Ýaponiýada ilkinji gurlan budda toplumlary iki görnüşde meýilleşdirilipdir: birisiniň demirgazyk-günorta oky boýunça gurlan simmetrik gurluşy bolupdyr we kontinentde has ýaýran nusgany gaýtalapdyr; ikinji görnüşi üçin bolsa iki esasy gurluşyň – ybadathananyň we diňiň biri-birine asimmetrik ýerleşişi häsiýetli bolupdyr,köp barlagçylaryň pikirine görä ol ýerli şertlerde peýda bolupdyr. Onuň esasy giňişlikde binagärlik massalarynyň deňagramlylygy, ýakyn, ýöne birmeňzeş bolmadyk görnüşleriň erkin sazlaşykly nobatlanyşy bellärliklidir. Şol döwrüň beýleki monastyrlary ýaly, Horýudziniň hem Beýik Günorta derwezesi diýlip atlandyrylýan günorta tarapyndaky esasy girelgesi pahsa diwar bilen gurşalypdyr. Takyk onuň garşysynda içki derweze – týumon ýerleşipdir, onuň iki tarapyndan ýapyk galereýa başlanypdyr, ol diňli giň howlyny we Altyn zally Kondony gurşap alypdyr . Gönüburçly howlynyň garşy tarapynda derwezäniň garşysynda wagyz-nesihat üçin zal ýerleşipHorýudziniň binagärleri meýilnamanyň däpli tertipliligini erkin we takyk toparlanan binagärlik göwrümleriniň asimmetriýasy bilen birleşdiripdirler.
Bu gurluşlarda täsirliligiň esasy bolup, olaryň rahat, çalaja epinlenen şekili çykyş edipdir, olar agyrlygyň we ýeňilligiň, giňişlikde agramlylygyň we pelpellemegiň sazlaşygyny döredipdir. Çal-mawy çerepisa bilen örtülen ýapgyt ähli toplumy birleşdirýär, onuň gaýtalanmaýan görnüşleriniň ýeke-täkligini duýmaga ýardam edýär. Diwarlara kölege berýän çykgytlaryň köp bolmagy binanyň köp reňkli daşky görnüşinden interýeriň syrly çala ýagtylygyna geçişini görkezýär. Edil Hytaýdaky ýaly pagodanyň we buthananyň agyr üçekleriniň diregleri bolup söýegleriň çylşyrymly ulgamy gulluk edipdir, olar seýsmiki taýdan durnuklylyga hem eýe bolupdyrlar (pagodanyň uly kiparis-hinokiniň bitewi şahasyndan ýerine ýetirilen merkezi oky bolupdyr.
Kakajanowa Hatyja
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 119-njy toparynyň talyby

RU












