Kasuryň köşgi XV asyrda ösüp başlan sýon-dzukuri akymy öň tarapsyz, binanyň göwrüminiň giňişlikde erkin ýerleşdirilen, tutuş mazmuny interýerde, guramaçylygynda jemlenen binagärligiň aýratyn milli görnüşi boldy. Emma şunuň bilen birlikde estetiki taýdan onuň daşky gurşap alýan giňişlik bilen haýran galdyryjy sazlaşykda birleşmegi aňladylypdyr, ýagny köşgüň egrem-bugram çyzyklarynda dünýä bilen goşulşyp gitmek, onuň görnüşleriniň öz-özünden duýulýan erkinlige ýykgyn etmek tendensiýasy öňe çykarylýar. Egrem-bugram çyzyk stiliniň özi daşdaky jaýryga, jülgeden akyp gelýän derýa meňzeş bolup, onda güýç hem-de erkinlik bir bitewülige sepleşdirilýär. Kasuryň köşgüniň keşbinde gurşap alýan äleme öz erkine döreýän garşylyk ýokdur, şonuň bilen onda adamyň güýji we hökmürowanlygy ykrar edilýär.Onuň içki jaýlary şirma görnüşinde burçlar bilen birleşip, başga giňişlige geçip gidýär, sýodzi – penjireler açylanda bolsa, bag bilen birleşip gidýär.

Köşküň baş binasy üç bölekden durýar: Köne Sýoin, orta Sýoin we Täze köşk. Iň soňkusyna saz otagy goşulýar. Tutuş ansamblyň merkezi böleginde ýerleşýän howzuň kenarynda Gepparo pawilýony ýerleşýär, kenaryň gapma-garşylykly tarapynda sýokinteý (sosnalaryň we lýutnileriň pawilýony) pawilýony çaý bagy bilen bile eýeleýär, Sýokateý – baş adada (gülleriň pawilýony) we uly bolmadyk Onrindo ybadathanasy ýerleşýär. Mundan başga-da, bu topluma ýene-degurluşyklar girýärler. Her bir bölegiň bezeginiň jikme-jikligi daşyndan, şeýle hem Kasuryň toplumynyň içki görnüşinde esasy we ikinji derejeli jaýlarda birmeňzeşdir.  Agaç diregleriň, germeçleriň, esasy binadaky jaýlaryň eýeleýän ornunyň teksturasy fusuma diwarlarynyň içki taraplarynda ýa-da gapy eltutarlarynyň görnüşinde edil kagyz ýüzündäki nagyş ýaly inçelik bilen saýlanylyp alnypdyr.

Binalaryň göni çyzykly çyzgysy, olaryň berk deňagramlylygy we grafikiligi guraksylygy aradan aýrylýar ýa-da bagyň taslamasy bilen mejbur edilmezden, öz-özünden erkinlikde sazlaşýar. Kasuranyň meýilnamasyny göz bilen tutuşlygyna görüp bolmaýandygyna garamazdan, oňa bölekleri arkaly aň ýetirip bolýar, bölekleriniň kömegi bilen tutuş topluma düşünip bolýar. Aňladylan bellibir araçäkleri bolmadyk ýeke-täk giňişlik özgerdilýär, gowulandyrylýar, alada edilýär we netijede gözegçilik edýäniň nokadyna baglylykda, ýagny jaýyň içinde gozganman oturan ýa-da köşgüň öňündäki meýdançadan adadaky pawilýona tarap haýallyk bilen ýöräp barýan adama dürli görnüşli duýgulary eçilýär.

Kasura ýoljagazlarygidýär, sýodzi – penjireler açylanda bolsa, bag bilen birleşip gidýär. Köşküň baş binasy üç bölekden köp ganatly üçekleri özünde şol bir wagtda agraslygy we ýel ýaly duýgyny şöhratlandyryp,asmanda uçup barýan guşuň keşbini döredýär. Köne köşkler ýaly, onuň hem içki galasy tensýu – gümmezinden ybaratdyr. Köşgüň umumy meýilnamasy ýaşaýyş we gulluk jaýlaryny özünde jemlemek bilen örän çylşyrymlydyr hem–de labirinte meňzeş bolup, ol hem strategiki maksady hökmünde kabul edilipdir. Merkezi gümmeze barmak üçin örän dürli görnüşli konstruksiýaly ondan gowrak derwezeleri geçmeli bolupdyr. Aglaba harby maksatlara laýyk gelen ilkinji köşkler, köplenç, belent ýerlerde gurlan bolsa, onda uruşlar tamamlanyp, olaryň goranmak wezipesi  ýitip gideninden soňra olar özleriniň usul kanunalaýyklyk görnüşleri bilen bolmaklaryny dowam etdiripdirler. Olar feodal eýeçiligindäki ýerleriň merkezi hökmünde açyk giňişliklerdäki baýyrlyklarda gurlupdyr, ýöne köşkleriň daşyny şol öňküsi ýaly gümmezli we derwezeli, daşyna çuň ýap gazylyp aýlanan, käwagt içi suwdan doldurylan ýogyn diwarlar gurşap alypdyr. Bu eýýäm binagärlikde şol galanyň eýesiniň durmuşyny, baýlygyny we abraýyny aňladyp, aç‑açan rezidensiýa görnüşinde gurlan görnüşdir.

Matkarimow Ulugbek
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 119-njy toparynyň talyby