Wýetnam binagärliginiň örän täsin eserleriniň biri Hanoýdaky bir sütünde duran diňdir (XI asyrda gurlan). Ol beýik sütüniň üstünde göterilen we gapdal diregler bilen berkidilen ýeňil pawilýon görnüşinde bolup, wýetnam çeper medeniýetiniň iň meşhur ýadygärliklerinWýetnam binagärliginiň häsiýetli tarapy onuň daş-töwerekdäki tebigat bilen sazlaşykly baglanyşygydyr. Nam-Dindäki diňiň munuň nusgasy bolup hyzmat etmegi ahmal. Wýetnam binagärleri her bir bina, aýratyn-da uly binagärlik toplumy üçin dogry gelýän ýeri tapmaga uly ähmiýet beripdirler. Dini ýa-da mazar toplumynyň aýry-aýry pawilonlary uly çeper oýlanyşyklylykda gök ösümlikleriň gurşawynda ýerleşipdirler we agaçlar, kölegeli seýilgähler we howdanlar bilen täsin utgaşypdyrlar.
Meselem, Nam-Dindäki pagodada suw howdany we agaçlaryň gür ýapraklary tebigat bilen bir bitewi bolan tutuş binagärlik toplumynyň içindäki asudalyk we ümsümlik ýagdaýyny döretmekde hökmany bölek bolup hyzmat edýärler. Wýetnam binagärliginiň başga bir aýratynlygy hem tutuş toplumyň, hem aýry binanyň taslamasynyň kese ugurlaryna üns bermäge özboluşly ymtylmasydyr.Burçlary eplenýän, umuman, binanyň kese esasyny aýratyn tapawutlandyryp görkezýän tekiz ýasy üçekleri bolan pawilýonyň adaty görnüşi şeýledir.
Aýlawly heýkeltaraşlyk. Aýlawly heýkeltaraşlygyň nusgalary wýetnam sunorganiki taýdan bir bitewilige goşulan tektoniki şekilleriň köpdürlüligi, bezeg nagyşlary we oýma nagyşlar, köpsanly monumental erkin duran tegelek heýkeller we germewlerdäki naglar.Ýokarda aýdylyp geçilişi ýaly, birinji, daşky galereýanyň içki diwarlary 800 m uzynlykda tutuşlygyna belentligi 1,5 m bolan barelýef bilen örtülendir.
Mommadow Resul
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 119-njy toparynyň talyby

RU












