Türkmen halky gadymdan bäri topragy, zähmeti we bereketi belent tutup gelýär. Şol sebäpli her ýyl ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly dabara bilen bellenilýän Hasyl toýy halkymyzyň ýaşaýyş durmuşynda aýratyn ähmiýetli baýramlaryň biridir.

Bu baýramyň maksady — daýhanlaryň bir ýylyň dowamynda eden zähmetleriniň netijesini jemlemek, bereketli hasylyň bolandygy üçin şükür etmekdir. Türkmen daýhanlary ýylyň dowamynda ýerden bugdaý, pagta, miwe, gök önümler ýaly dürli önümleri öndürýärler. Hasyl toýy şol zähmetiň miwesini dabaralandyrýan gün hasaplanylýar.

Baýramçylyk gününde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde sergiler, konsertler, sport çäreleri guralýar. Obalarda we şäherlerde daýhanlaryň öndürýän önümleri görkezilýär, iň ýokary hasyl alan kärendeçilere we daýhanlara döwlet tarapyndan sylaglar berilýär. Şeýle hem halk sazandalary we bagşylar çykyş edýärler, ýaşlar milli tanslary ýerine ýetirýärler.

Hasyl toýy diňe bir oba hojalyk işgärleriniň däl, eýsem ähli halkyň baýramydyr. Sebäbi topragyň berekedi hemmä miýesser edýär. Bu baýram halkymyzy agzybirlige, zähmetsöýerlige, topraga hormat goýmaklyga çagyrýar.

Hasyl toýy halkymyzyň zähmete, topraga we berekede bolan söýgüsiniň beýanydyr. Ol bize şükürlik duýgusyny we halal zähmetiň gymmatyny ýatladýar.

Taryhy kökleri

Türkmen halkynda toprak bilen baglanyşykly baýramlar gadymdan bäri bar. Öňler ol “bereket toýy”, “bugdaý toýy” ýaly atlar bilen hem belleniýärdi. Garaşsyzlyk döwründe bolsa ol döwlet derejesindäki resmi baýram hökmünde guralyp başlandy.

 Annameret ANNAMEREDOW  

  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Kinalogiýa taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby