Türkmenistanyň Garaşsyzlyga eýe bolmagy bilen döwlet gurluşy düýpli özgerdi, döwletimiz ykdysadyýetiň bazar görnüşini saýlap aldy. Halkymyz türkmen döwletiniň aýratynlyklaryndan ugur alyp, bazar ykdysadyýetine geçmegiň amatly ýoluny saýlap aldy. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň gazanan ýokary ösüşleri bu syýasatyň dogrudygyny subut edýär. Dünýä döwletleriniň tejribesinden belli bolşy ýaly, bazar ykdysadyýetiniň özeni maliýe-bank ulgamydyr. Maliýe name? Göräýmäge, maliýe, bu pul serişdeleri bilen tapawutsyz. Ýöne pul maliýe däldir, has takygy, puluň maliýe bolmagy üçin hökmany suratda pul serişdeleriniň gazna görnüşli almagy we belli bir maksat üçin gönükdirilmegi zerurdyr. Maliýe gatnaşyklarynyň esasyny pul häsiýetine mahsus pul toplumlary we gaznalary döretmekde we olary ulanmakda ýüze çykýan ykdysady gatnaşyklar düzýändir. Maliýäniň ýüze çykmagy haryt önümçiliginiň we puluň emele gelen ýerlerinde döwletiň kemala gelmegi we öz wezipelerini ýerine ýetirmegi bilen baglydyr.

Ýurduň ykdysadyýetini ösdürmegiň aýgytlaýjy serişdesi hökmünde düýpli maýa goýumlaryny ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirmegiň zerurlygy aýandyr. Mysal üçin, ykdysadyýeti ösdürmegiň uzak möhletleýin ugry bar bolan mümkinçiligiň ep-esli artdyrylmagyny göz öňünde tutýar, bu bolsa öz gezeginde, tutumly maýa goýumlaryň goýulmagy bilen şertlenýär. Ýurdumyzda maýa goýumlara gönükdirilýän serişdeler ýylyň ýylyna artdyrylýar.

  Dayanç DURDYMYRADOW

  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa fakultetiniň Gidromeliorasiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby