Türkmen ýurdunda ilat gadym döwürlerden bäri ekerançylyk, maldarçylyk we senetçilik bilen meşgul bolup gelipdir. Biziň eýýamymyzdan öňki (b.e.ö.) VII müňýyllykda Köpetdagyň eteklerinde bol hasylly ýerlerde adamlar peýda bolup, ilkidurmuş gurluşdan oturymly ekerançylyga geçip,  adamzat ösüşiniň täze basgançagyna gadam basýarlar.

Arheologiýa maglumatlaryna görä, ýurduň çäginde bürünç we demir asyrlarynda üç sany uly jemgyýetçilik zähmet bölünişigi bolup geçýär. Netijede, ekerançylyk bilen senetçilik hojalygyň esasy pudaklaryna öwrülýär. Şol döwürlerde täjirçilik peýda bolýar. Bu zähmet bölünişmesi taýpalaryň arasynda alyş-çalşyň güýçlenmegine,adamlaryň arasynda emläk taýdan deňsizligiň we netijede döwletiň ýüze çykmagyna getirýär. Bu özgeriş b. e. ö. II müňýyllygyň ahyrlarynda we I müňýyllygyň başlarynda Türkmenistanda demriň giňden ulanylyp başlanan döwründe has-da güýçlenipdir. Bu döwri öwrenmekde Günorta Türkmenistanda ýerleşýän Altyndepede, Namazgadepede we Mary welaýatynda Goňurdepede geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryşlarynyň materiallarynyň gymmatly ähmiýeti bar. Mäne obasynyň ýanyndaky Altyndepe şäheriniň meýdany 46 ga golaý, Kaka etrabynda ýerleşen Namazgadepäniň meýdany bolsa 70 ga ýetýär.Murgabyň gadymy hanasynyň ugrunda Goňurdepe bürünç eýýamynyň Marguş ýurdunyň esasy şäheri bolan Goňurdepäniň açylmagy Türkmenistanyň çäginde Marguş siwilizasiýasynyň bolandygyny subut etdi.

Goňurdepede gadymy binagärler kremliň beýik diwarynyň arasynda gizlenen köşgi bina edipdirler. Olar kremliň daşyna inedördül goranyş diwaryny çekipdirler. Bu ýerde suw ybadathanasy, ot ybadathanasy we gurbanlyk berilýän ybadathana bilen bir hatarda Goňurdepäniň köşk toplumynyň jemlenen dini maksatly jaýlarynyň umumy meýdany 10 ga bolan.Bu şäher otparazlyk dininiň dörän ýeri hasaplanýar. Marguş siwilizasiýasyny  açan alym W.I. Sarianidi öz barlaglarynyň netijesini jemläp: «…Marguş ýurdunyň dünýäniň birinji dini bolan otparazlygyň, mümkin ony esaslandyryjy Zaratuştranyň Watanydygy hakdaky pikirlerimize doly şaýatlyk edýär»10diýip belleýär. Hakykatdan hem, ol ýerlerde ýaşan halklar öz döwürlerinde ýokary medeniýete eýe bolupdyrlar.

Marguş siwilizasiýasy gadymy dünýäniň beýik medeniýeti hökmünde Müsür, Mesopotamiýa, Hindistan we Hytaý medeniýetleri bilen bir hatarda durýar. Şu we beýleki arheologiýa açyşlary Türkmenistanyň çäginde iň gadymy medeni merkezleriň bolanlygyna şaýatlyk edýär.Ösüşe tarap ýol aňsat geçilmeýär. Pajarlaýan ösüşi üpjün edýän onýyllyklar, kähalatlarda gazaply döwürlere öz ornuny berýär. Köp horluklary başdan geçiren türkmen topragy hem şu hili kynçylyklardan gutulyp bilmedi, ýöne türkmen halky asyrlaryň dowamynda ýitip gitmedi, mertlik bilen kynçylyklaryň hötdesinden gelip, özüniň medeniýetini we şöhratly taryhy hakydasyny saklamagy başardy.

Ýagmurowa Humaý

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 102-nji toparynyň talyby