Türkmenistanyň çäklerinde goýun ýüňleriniň hil taýdan iň gowusy, ýagny haly dokmaçylygynda iň ähmiýetlisi saryja goýnuň ýüňidir. Ondan ýokary hilli çitim we eriş ýüplerini almak mümkinçiligi bar. Haly dokmaçylygynda ýüňden başga nah we ýüpek ýüpler hem ulanylypdyr. Dokmaçylygyň gurallary keser, darak, synny, ýer (ýatan) we dik stanoklar bolupdyr. Dokmaçylykda eriş, argaç we çitim ýüpleri bolmalydyr. Argaçlar çitimi saklapdyrlar. Halynyň syklygyny gazanmak üçin erşiň aşaky hatarlaryna suwa ezilen nah başlyk salnyp, darak kakylýar we soňra başlyk ýüpi aýrylýar. Dokmaçylygyň esasy görnüşi çitimli dokmaçylyk. Palas, haly dokalanda esasy gural gönüburçly görnüşdäki stanokdyr.Stanokda eriş ýüpi bilen haly ýüwürdilýär we erişlere «bat» salmak üçin «küji» agajy berkidilýär. Ondan soň esasy ak we mele reňkli nagyş salmak üçin ýüpler bilen öýdelip, 3-6 sm inlilikde toprak kakylýar we «älem» nagşy sapylyp haly dokalyp başlanýar. Halynyň iň gyrasy 10-15 mm inlilikde 4-6 gat çitimlik gök reňkli ýüp bilen gyradolaw oralýar. Türkmen dokmaçylygynda giňden ulanylýan çitimleriň iki görnüşi bar.
Olar düwe we ýara çitimlerdir. Haly dokmaçylygynyň ýerine ýetiriliş usuly nagşy dik we kese görnüşde ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Pişme, inedördül kysymly we tor görnüşinde döredilen nagyşly kompozisiýa, adatça, ikitaraplaýyndyr. Ony iki tarapdan hem görmek bolýar. Nagyşly haly meýdanynyň görünýän düşeginde çitilen kompozisiýa 2-5 reňk gatnaşygynyň üýtgewsizligini saklaýar we reňkli nagyşlary öz durkuna siňdirýär. Bu düzgünde dörän reňkli çözgüt (usul) türkmen halylarynda hemişe çitimleriň kömegi bilen ýerine ýetirilýär. Halynyň gyradolawdan soňky iki-dört sany çitimi düwe görnüşli çitimler bilen ýerine ýetirilýär, halynyň başga ýerleri bolsa ýŞeýlelikde, palasyň ýüzi güberçek (relýef) görnüşde bolýar.
Dokalyp duran ýagdaýynda düzüw ýüzi aşakda bolýar. Şonuň üçin hem ony dokamaga diýseň ussatlyk gerek. Palasyň nagşynyň düşüşini, ýagny nagşyň beýikli-pesli bolandygyny bilmek üçin dokmanyň aşagyna aýna goýlup seredilýär.Palasyň dokalyşy haly dokmasyndan has-da ýeňil diýlip hasaplanýar. Tekiz, ýagny nagyşsyz dokalan palas önümlerine kakylyp dokalan kilim hem diýilýär. Palas dokmaçylygy bilen hemme türkmen halyçylary meşgullanypdyrlar.
Annamyradowa Ogulsuraý
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 104-nji toparynyň talyby

RU












