Aslynda-da, gadymy çarwaçylyk jemgyýetinde, ilki bilen, iň sada hünärler özleşdirilýär. Birinji keçe basmak, palas, kilim kakyp dokamak, soň bolsa çitimli haly dokamak usuly döredilýär. Kilim kakmak we öýdäp, ýagny nagyş salyp palas dokamak däbi Türkmenistanyň ähli künjeklerinde giňden ýaýrandyr. Palaslar hem halylar ýaly, esasan, öýleriň içine ýazmak üçin düşek hökmünde ulanylýar. Ýakyn Gündogar ýurtlarynda dokalan palas zolaklary bilen çadyrlary, ýagny ýaşaýyş öýlerini örtüpdirler. Türkmenistanyň çäklerinde ýüňden we beýleki ýüplüklerden dokalan kilimiň halydan tapawudy – ýüz tarapynyň çitimsiz, tekiz we gaty bolmagy hem-de başga üýtgeşik nagyşlar bilen bezelmegidir. Türkmenistanda kilim-palas usulynda dokalan önümleriň birnäçe görnüşleribar. Olar: sallançak kilimi, ojakbaşy, «sep» palas, palas torba, un çuwallar, ikselik, uk ujy, horjun, namazlyk we beýleki hojalyk üçin niýetlenen önümler. Edil halyda we keçede bolşy ýaly, palas bilen kilimde-de merkeze Türkmen dokmaçylygynyň bu görnüşiniň mysaly hökmünde Lebapda we Günorta Türkmenistanyň welaýatlarynda dokalýan kilimleri görkezmek bolar. Türkmen halylaryna salynýan nagyşlar ýaly, palaslara salynýan nagyşlar hem özüniň taýpa aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Nagyşlar, köplenç, geometrik häsiýetli şekillerde bolýar. Lebapda dokalýan kilimiň biri «gyýdyrşa» nagyşly ärsary kilimidir. Bu usully nagyş dokalanda iç we daş tarapyndan gyýylýandygy sebäpli şeýle at berlen. Balkanda öýdümli «sep» palaslara örän owadan we sazlaşykly torlaryň içine salnan «bossany», «goçbuýnuz» nagyşlary salynýar. Palasyň merkezine salynýan nagşyň ady olaryň adyny kesgitleýär.
Gülpalaslar – «bossany», «buý nuz ly», «gülýaýdyly» palaslardyr, şeýle hem palaslaryň ýörgünli merkezi «goçak» we «gazaýak» nagyşlydyr. «Goçak», «goçbuýnuz» nagyşlary beýik mer tebäniň nyşany hökmünde palas na gyş laryna siňdirilýär. «Gülýaýdy» nagşy salnan namazlyklar, köplenç, Ahal we Mary welaýatlarynda duş gelýär .Palaslar we kilimler köp ýurtlarda dokalyp, olaryň hersiniň özboluşly gözellik aýratynlygy bar. Palas-kilimler owadanlygy we berkligi bilen giňden meşhurdyr. Türkmen hojalygynda dokma önümleri bolan çuwaldyr horjunlar hem-de torbalar öýdelip we kakylyp dokalypdyr.
Kakma usulynda dokalan çuwallar, torbalar egin-eşik saklamak, gap-gaçlary hem-de azyk harytlaryny, däneleri, uny, kakadylan miweleri öýüň içinde saklamak üçin niýetlenipdir.
Berdiýewa Leýli
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 104-nji toparynyň talyby

RU












