Keçe önümlerini taýýarlamak işi Kiçi we Merkezi Aziýada türki dilli halklarda giň gerime eýe bolupdyr. Türkmenistanda käwagt erkek adamlaryň gatnaşandygyna garamazdan, keçe etmek işi zenanlaryňky diýlip hasaplanypdyr. Türkmen hal ky özüniň bäş müňýyllyga uzap gidýän taryhy ýolunyň dürli döwürlerinde çeperçilik sungatynyň ajaýyp nusgalaryny döredip bilipdir.
Mil li özboluşlylygyny, aýratynlygyny saklan, ýokary kämillik dereje sine ýeten türkmeniň keçe basmak sungatýokarda hem bellenilişi ýaly, öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Keçe örän jana ýakymly bolup, ol çarwa durmuşynda gerekli önümdir. Ony ak we gara (göçme) öýleri ýapmak we bezeg bermek üçin ulanypdyrlar. Keçeden atlar üçin eýerasty, atkeçe ýapynjasy ýaly önümleri taýýarlapdyrlar.Keçe basmak üçin güýz we tomus gyrkym ýüňlerini peýdalanypdyrlar. Ýaz ýüňi haly ýüpi üçin egrilip, çitim we eriş ýüplerine ulanypdyrlar. Güýz ýüňüni keçäniň arkalygy we aralygy üçin peýdalanypdyrlar.Keçe basmak bilen tomus möwsüminde meşgullanylypdyr. Ýaz hem güýz ýüňlerini aýry-aýry edýärler. Ýaz ýüňi keçäniň ýüzüne nagyş salmak üçin ulanylýar, sebäbi ol boýagy özüne gowy siňdirýär. Toklynyň we guzynyň ýüňi gara, çal, boz reňkli bolany üçin, olary keçäniň gyragarasy üçin ulanypdyrlar. Mundan başga-da, bu hili ýüňlerden boz guzy ýüň keçelerini edipdirler. Ýüňleri darapdyrlar we boýapdyrlar. Türkmen keçeleriniň taýýarlanyş usullary we çeperçilik aýratynlyklary hem-de hojalykda ulanylýan ýerlerini 10 sany önümiň üsti bilen görkezmek mümkin.
Boz keçe ýa-da düz keçeler.Adatça, keçe dörtburç bolýar. Olaryň bir ýa-da iki ýüzi hem nagyş bilen bezelýär. Keçe salmak üçin adamlar sähetli güni saýlap alypdyrlar. Örülen gamşyň ýüzüne ýüňden nagyş ýazýarlar (ak, gara, goňur we reňklenmedik ýüňler hem ulanylýan eken). Keçe basmak işi toparlaýyn guralýan (5-6 adamlyk) işdir. Keçäniň merkezi meýdançasyna güller aýlawly goýlup çykylýar we gara ýüňden gyragara goýulýar. Iň jogapkärli iş ýüňden nagyş goýmak bolupdyr. Agymtyl çal reňkli ýüňlerden aralyk goýulýar, soň bolsa arkalanýar. Ondan soňra jogapkärli işleriň biri gamşy togalap keçäni düýrmekdir. Gamyş doly togalanandan soň ýüň ýapyşar ýaly keçäniň bütin uzynlygyna suw guýulýar. Ondan soň berk çekip daňylýar. Soňra ony iki adam bolup meýdanda 2-3 sagatlap togalaýarlar gezekli-gezegine biri-birine çekýärler. Keçe pugta baslygandan soň gamyşdan çykarylýar. Ondan soň keçäniň girip, syk bolmagy üçin wagt-wagt gyzgyn suw guýlup basylýar. Käwagt şu işi oglanlar hem ýerine ýetiripdirler.
Keçe syklygyna we galyňlygyna ýeten mahalynda ony tekiz edip ýaýyp gyralaryny kesip düzleýärler we kölegede ýere ýazyp guradýarlar.
Nurlyýewa Ýazdursun
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 104-nji toparynyň talyby

RU












