Irki orta asyr döwrüniň çeperçilik medeniýetinde “kiçi” sungat eserleriniň monumental sungat äleminde şekillendirýän pursatlary seýrek däl. Şol “uly” sungat eserleri düýbünden ýok ýa-da saklanyp galmandyr, şol sebäpli olaryň ähmiýeti has-da artýar.Şeýle tapyndylaryň biri-de Merwiň budda heýkeliniň ýerlesýän sekisinden (stupasyndan) tapylan ajaýyp bezegli wazadyr. Miladynyň V-VI asyrlary içinde döwlen Buddanyň heýkeliniň kellesi bilen bile gömlüp goýlan wazanyň içinden sanskrit golýazmalary tapyldy. Buddizmiň günorta-gündogar Aziýa hem Uzak Gündogara ýaýraýan döwründe Hindistanyň öz ilatynyň oturymly welaýatlarynda bu diniň täsiri pese düşüp ugrapdyr. Bu ýagdaý buddizmiň Orta Aziýa ýaýran ýerlerinde-de dowam edipdir. Bu barada VII asyryň başynda hytaý zyýaratçysy Sýuan-Szan öz hasabatynda gynanmak bilen belläpdir. Merwdäki budda sekisiniň weýran edilmegi belli bir derejede iki uly diniň, ýagny zoroastrizm bilen buddizmiň bäsdeşligi sebäp bolandyr diýlip çak edilýär. Onuň göni sebäpleriniň biri-de ykdysady bäsdeşlik bolan bolmagy hem mümkin, ýagny zoroastrizme uýýan täjirleriň buddizme uýýan täjirleri söwda şäherlerinden gysyp çykarmaga ymtylmaklary bilen bagly bolan bolmagy ähtimMerw wazasyndaky suratlarda wakalaryň esasy özeni beýan edilip, onuň iň esasy bölegi daşda galýar. Bu suratlaryň aňyrsynda bir adamyň durmuşynyň beýanymy ýa-da onuň epiki hekaýata öwrülen görnüşi ýatyrmy? Suratlarda beýan edilen wakalar hakyky bolaýanda-da, olar eýýäm halkyň dilinde asyl durkundan üýtgedilen bolmaly. Gepiň gerdişine görä, bir zady ýatladasymyz gelýär. Beýik şahyr Firdöwsiniň ölmez-ýitmez kitaby – X asyra çenli “gadymy hem golaý döwürlerde ýaşan patyşalar hakyndaky ähli hekaýalary” özünde jemlän şahyrana ensiklopediýa kitaby bolan “Şanama” eseri Orta Aziýanyň halk eposyna-da, bölekleýin görnüşde, irki orta asyryň nusgawy edebiýatyna-da aralaşypdyr. Şol hekaýalarda aw, meýlis, pynhan duşuşyklar, gahrymanlaryň ölümi baradaky sahypalar azlyk etmeýänem bolsa, bu eserde Merw wazasyndaky sýužetiň açary hem açylman galypdyr, ol taryh ylmynda hem açylman gelýär.
Tapgyr-tapgyr pany dünýä geldiler,
Az salym şatlanyp, ýaýnap-güldüler,
Herki muşakgatyn çekip durmuşyň,
Bakyýete sary rowan boldular.
Bu sýužet asyrlaryň dowamynda unudylyp, galan ýeri belli bir hekaýaty teswirleýän bolmagy ahmal. Şol hili hekaýatlaryň az bolmandygyna Hosrow Parweziň köşk sazandasy hem bagşysy, Merwde doglan Barbudyň patyşa üçin ýylyň her gününde täze aýdym döredendigi-de şaýatlyk edýär. Wazadaky sahnalar wakalaryň beýanynyň ýönekeý çalşygy bolman, şol döwrüň adamlarynyň hakydasynda duran epiki eseriň kulminasiýa aktydyr. Merw wazasynyň bezeginiň çeperçilik aýratynlygy, araplar gelmezinden öňki Horasanyň nakgaşçylygy üçin häsiýetli bolan esasy alamatlary açyp görkezýär. Olardaky Gündogaryň irki orta asyrlar nakgaşçylygyndaky umumylyklar Merw wazasynda monumental nakgaşçylyk üçin häsiýetli bolan alamatlar öz beýanyny tapypdyr diýip, ynamly aýtmaga esas berýär. Şolar ýaly nakgaşçylyk eserleri şäher köşkleriniň, onuň daşynda ýerleşen mülklerdäki kaşaň ymaratlaryň diwarlaryny bezäpdir. Olaryň galyndylarynyň üsti açylanlaram az däl. Tapylan şol üýtgeşik alamatlaryň esasylaryny bilmek bolsa möhümdir.
Nurlyýewa Aýgül
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 104-nji toparynyň talyby

RU












