Adamlar irki döwürlerde daş böleklerini, tiken çümmez ýaly agaçlaryň ýumşak ýasy gabyklaryny aýaklarynyň aşagyna daňyp gezipdirler. Howanyň sowamagy bilen bedeni sowukdan goramak zerurlygy ýüze çykýar. Şoňa görä, adamlar awlan haýwanlarynyň hamlaryny, derilerini aýakgap hökmünde dolapdyrlar. Hamy, derini şeýle ýagdaýda ulanmak oňaýsyz bolanlygy sebäpli, soňabaka adamlar derini eýlemegi öwrenip, asyrlaryň dowamynda deri önümlerinden ýönekeý aýakgaplary döredipdirler. Çepekler, ham çaryklar adamzadyň ilkinji oýlap tapan aýakgaplary bolmagy mümkin. Durmuşyň ýaşaýyş zerurlygy netijesinde, diňe bir aýagyň aşagyny ýa-da üstüni örtmek däl-de, eýsem ökjäni, injigi ýapmak üçin niýetlenilen häzirki zaman aýakgaplaryň sada görnüşleri ýüze çykýarAýakgap önümçiliginde birinji çig maly, ýagny derini biçmek, galypda şekil bermek, oňa dabanlyk oturtmak, dürli bezeg işlerini berjaý etmek ýaly ugurlary bar. Teletinden, birnäçe gat gaýyşdan syrdalyp dabanlyk goýlup, gyzylymtyl gaýyşdan tikilýän ökjesiz aýakgaba çaryk diýilýär. «Çaryk» sözi gadymy oguz-türki halklarynda «çaruk» görnüşinde hem ulanylýar. Çaryk tikmek üçin niýetlenen deri «çaryklyk» diýlip atlandyrylypdyr.

Aýakgabyň bölekleri gaýşyň iň berk ýeri bolan sagrydan, esasy agram düşjek beýleki bölekleri adaty gaýyşdan tikilýär. Gaýyş çaryk burnundan köwşüň agyz tarapyna çenli tikilip, burun tarapy ýokaryk gaňrylyp goýulýar. Agzynyň gyrasy dikligine gysga dilnip,şondan insiz uzyn gaýyş bagjyk geçirilýär hem-de aýaga we injige dolanan dolagyň üstünden oralyp daňylýar. Eger-de çarygyň ýüzüne ediljek bolsa, onda ýa elde mum sürtülen berk sapak bilen, ýa-da maşynda iki gat nah sapak bilen bejerilýär. Aýakgabyň daban bölegini berkitmek üçin, köplenç, sapak, agaç, metal çüýler, ýelim ulanylypdyr. Çarygyň bu görnüşi ýaňy-ýaňylar hem ulanylypdyr. Bu çaryga başy gyzylymtyl öwüsýänligi üçin gyzylbaş çaryk hem diýilýär. Türkmenistanda gön, gaýyş, deri, bagana bilen meşhur bolan hünärmenler ähli welaýatlarda ýaşapdyrlar. Aýakgap tikmek üçin, esasan, gara mallaryň hamyndan taýýarlanylan göni, gaýşy ulanypdyrlar. Köwüş tikinçileriniň önümi kämilleşýär we olaryň senetçilik hojalyklary ownuk kärhanalara öwrülipdir.

Öň ähli tikin işleri el iş gurallary bolan iňňe, temen, biz bilen amala aşyrylan bolsa, XIX asyryň aýagynda tikin maşynlary ýüze çykypdyr. Ussahanalarda ilki milli aýakgaplardan çokaý, gaýyş çaryk, bagjyksyz köwüşler öndürilipdir.

Orazowa Aýlar

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 104-nji toparynyň talyby