Keteni mata başga halklaryň matalaryna meňzemeýär. Beýleki halklarda mata diýen many «gada» sözi «zygyr» ösümliginiň ady bilen bagly bolýar. Taryhy maglumatlaryň şaýatlyk etmegine görä, duş gelýän «ketonit» sözi ilki bilen gadymy şumerlerde ulanylypdyr. Olarda bu söz şumer dilinde«kitu» «kitinun» görnüşine eýe bolupdyr. Şol «kuttonet» sözi ähli semit dillerine geçirilip, araplarda «kattan», grek dilinde «kiton» we latyn dilinde «tunika» görnüşinde ulanylyp, ol eşigiň bellibir görnüşiniň ady bolan. Pars dilinde «keten», «ketten» mata diýen manyny aňladýar. Keteniniň iki gyrasyna sary zolak, ýagny gyrasary zolak geçirilýar.

Keteniden tahýa, köýnek, kürte, çyrpy we başga-da birnäçe türkmen milli egin-eşikleri taýýarlanylýar. Keteni matasynyň gyrasyndaky sary reňkiň ýany bilen ak, gara sapak dokalýar. Şol sebäpli «Keteni geýen adama göz degmeýär»diýen yrym bar. Keteni matalaryny, köplenç, gyrmyzy, gülgüne reňklerde dokamak ýörgünli bolup, kähalatlarda Ahal sebitlerinde olar ýaşyl we gök reňklerde hem dokalypdyr. Türkmen zenany şeýle matadan nepis bejergi bilen bezäp, tikinen lybaslaryny ähli wagtda geýipdir.

Çepbetöw – sary, gyzyl, gara reňkli sapaklar gezekleşdirilip ýüwürdilýär.

Argajy sary ýüpdür. Çepbetöw matadan gelin-gyzlara çabyt tikilýär.

Göwderi. Erşi gyzyl ýüpekden, argajy gök ýa-da gara reňkli nah sapakdan ýüwürdilip dokalýar.

Daraýy – ýüpekden dokalýar. Erşi gyzyl ýüpekden, argajy ýaşyl reňkli nah sapakdan dokalyp, gyrasy sarysyz ýuka matadyr.

Galbiri – gyrasy sary reňkli, onuň ýüzi gyzyl we gara öýjük bolup durýar. Bu mata sap ýüpekden ýa-da nahdan edilýär. Türkmen mata dokmaçylygynda, köplenç, ýüpek bilen nahy garyşdyryp dokapdyrlar. Ýüň bilen nahy hiç haçan garmandyrlar.

Kese atym – aýallaryň köý nekleri. Ol nah gatyşykly ýa-da sap ýüpekden dokalypdyr. Erşi gy zyl, argajy gara, gyzyl bolupdyr.

Gyrmyzy donluk – erkek adamlaryň donuny tikmek üçin niýetlenen mata. Onuň erşi gyzyl, argajy bolsa sary, gara, ak çyzykly edilýär. Ol diňe gyzyl ýüpekden argaç atylyp dokalýar. Bu mata sap ýüpekden dokalýar.

Gyrmyzydonluk mata erkek adamlar üçin niýetlenilen. Gyrmyzy donuň boýy dyzdan aşak biçilýär. Ol sypaýy milli toý lybasydyr. Ony ýaş ýigitler we orta ýaşly adamlar geýýärler. Bu lybas türkmen adamlarynyň keşbini has-da salyhatly görkezýär.

Sowsany. Bu matanyň erşi gyzyl, argajy gara bolupdyr. Sowsany ýüpekden hem-de nahdan dokalýar. Bu matany başaşak tutsaň gyzyl-gara öwüsýär, sebäbi argajy gyzyl we gara sapak bilen gezekleşdirilip dokalýar. Bu mata diňe aýal-gyzlar üçin niýetlendir.

Maldaýy matasy çabyt, çaga kürtekçesini tikmek üçin ulanylýan ýüpek matadyr. Ol dört gara, ýigrimi gyzyl, iki ak, ýigrimi gyzyl erişleriň gaýtalanyp gelmegi bilen ýüwürdilýär.

Osmanowa Tawus

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 104-nji toparynyň talyby