Başatgyçlar Orta Aziýa halklarynyň arasynda giňden ýaýrandyr. Türkmen jemgyýetinde zenan başatgyçlary baryp gadymy döwürlerden bäri belli, olar bellibir derejede dini garaýyşlar bilen bagly bolup ýüze çykýarlar. Başa atylýan örtgüler köp manyda ulanylýan egin-eşigiň bir görnüşidir. Ol kellä, kähalatlarda bolsa egne atylypdyr. Onuň ýeňi geýilmeýär. Olaryň uzynly-gysgaly ýeňleri bezeg görnüşinde hyzmat edipdir. Olar soňky wagtlarda türkmen zenan asyllylygynyň nusgasy hökmünde milli edep-ekramyň häsiýetini özünde jemleýärler. Türkmen halkynyň aňyýetinde hökman başy örtükli bolmak däbi, birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda öz häsiýetini jemgyýetde berk, tä XX asyryň başlaryna çenli saklap gelipdir. Şol däp berkligiň esasynda hem ajaýyp gözel başatgyçlary dürli görnüşli bolupdyr. Olar: kürte, çyrpy, gyňaç, bürenjekdir. Olary bezeýän nagyşlary düzgün boýunça ýerleşdirmekde halkyň zehini özboluşly gözellik dünýäsini döredipdir. Mundan başga-da, milli başatgyçlar aýal-gyzlaryň ýaş tapawutlylygyna görä hem dürli reňkli matalardan biçilip, tikilip, bejerilendir. Egne atylýan eşikler: dürli görnüşli donlar, halatlar, çäkmenlerdir. EBaşa örtülýän geýimler iki topara bölünýär: nagyşlanan çyrpy, kürte (teke türkmenler), ýelek (kürtäniň görnüşi), baş don (demirgazyk çowdur, ýomut türkmenleri). Olaryň boýuny bilden aşakdaky, dyzdan ýokardaky aralykda biçipdirler.

Başa atylýan ýapynjalar dürli görnüşlere bölünip, onuň esasy gornüşleriniň biri hem kürtedir. «Kürte» sözi araplaryň «bürde» sözüniň üýtgän görnüşidir.Arap dilinde ol ýeňsiz üstki geýimiň adydyr. «Kürte» sözüniň iki manysy bar. Onuň biri zenanlaryň toý-dabaralarda ulanylýan örtgüsi. Ikinjisi çagalaryň  goltugy bagjykly üstki geýimidir.

Durmuşa çykýan türkmen gyzy atasynyň öýünden başyna gyzyl kürte atylyp çykarylýar. Bu ýapynjalar reňk taýdan esasy gyzyl we ýaşyl kürtelerdir. Kürteler zenanlaryň don görnüşli eşigi bolup, ýerine ýetirýän wezipesi ýeňse tarapdan başa atynmakdyr. Ýaşyl kürteler Ahal welaýatynyň Gökdepe we Bäherden sebitlerinde (XIX asyryň ahyryna çenli tagtabazarly saryk zenanlary hem atynypdyrlar) giňden ulanylypdyr. Ýurdumyzyň aglaba ýerlerinde bolsa däp bolup gelen gyzyl kürtäni toý-dabaralarda ulanmak häzire çenli hem dowam  edip gelýär. Başa atylýan örtgüleriň ählisinde ýeňleriniň asyl nusgasyndaky ulanyşdan çykan, ol kürtäni gelin-gyzlaryň aýratyn lybasy hökmünde sypatlandyrmaga ýardam edýän esasy aratapawutdyr. Galgap durmaz ýaly, ýeňler alaja bilen birikdirilýär. Oňa aragBaşa atynylýan eşiklerde saz guralyna meňzeş köp ulanylýan nagyşlar Türkmenistandaky orta asyrlara degişli binagärlik ýadygärlikleriniň diwarlarynyň örümleriniň baý bezegleridir. Donlaryň, halatlaryň gyrasyna çekilýän

«aksuw», «gyzylsuw» diýlip atlandyrylýan bir kada getirilen ok-kesir çyzyklaryň taryhy Gadymy Parfiýa döwletiniň döwürlerine uzap gidýär.Çyrpylaryň ýakasyny «barmak» diýlip atlandyrylýan kiril elipbiýiniň Ш we П harplaryna meňzeş şekilli nagyşlar tutýar. Halatlaryň arka tarapy, esasan, çigildem güli görnüşli nagyşlar bilen bezelýär. Çigildemiň ýapraklary hem-de aýlawlary biri-birine sepleşýär we çyrpylaryň arkasyndaky boşlugy doldurýar. Olardan soň geometrik «girih» şekillerini ýatladýan sekizburçly ýyldyzlar dowam etdirilýär.

Täžimyradowa Maral

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 104-nji toparynyň talyby