​Nawidah galasy ýa-da halk arasynda has giňden tanalýan ady bilen “Zöhre-Tahyryň köşgi” atly arheologik ýadygärlik Türkmenistanyň taryhynda aýratyn orun eýeleýär.

​Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň çäginde, Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýär. Gultak geňeşliginiň merkezinden takmynan ýigrimi kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýär.Bu ýadygärlik esasan III-XII asyrlardaky taryhy geçmişimizi öwrenmekde ähmiýetlidir. Nawidah Amyderýanyň kenarynda esaslandyrylan iri şäher galyndylarynyň biridir.

Ol Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky galalaryň we derýanyň geçelgeleriniň ýerleşýän ýerindäki şäher galalarynyň galyndylarynyň biri bolupdyr.

Ýadygärligiň “Zöhre-Tahyryň köşgi” ýa-da “Köşk gala” diýlip atlandyrylmagy, meşhur türkmen dessanyndaky aşyk-magşuklar Zöhre we Tahyr bilen baglanyşykly rowaýatdan gelip çykandyr.

​Rowaýat  aýdylyşyna görä, gadym wagtda bu çölüň içindäki kiçijek çeşmäniň suwundan Tahyr bilen Zöhre içipdirler. Şeýle hem, olar edil oturgyja meňzeş agajyň aşagynda oturypdyrlar. Aşyk-magşuklar aradan çykandan soň, çeşmäniň suwy çekilip guraýar. Şonuň üçin hem bu ýere olaryň hatyrasyna “Zöhre-Tahyryň köşgi” diýilýär.

Nawidah arheologik ýadygärligi Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanylýar we ýurduň taryhy-arheologik ýadygärlikleriň goragly zolaklarynyň çäklerine girizilýär.

Döwletmyradow Orazmyrat

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 108-nji toparynyň talyby