​Annaguly-depe Türkmenistanyň günorta sebitinde, Köpetdagyň etegindäki gadymy ekerançylyk oazisinde ýerleşen, irki neolit we eneolit döwürlerine degişli arheologik ýadygärlikdir. Bu depe döränine birnäçe müňýyllyk geçen gadymy Garaşsyzlyk medeniýetiniň iň ähmiýetli we iň irki ýaşaýyş ýerleriniň biri hasaplanylýar.Kaka etrabynyň çäklerinde, Köpetdagyň eteklerindäki jülgede ýerleşýär.

​Bu depe we onuň töweregindäki beýleki ýadygärlikler ilkinji gezek XX asyryň ortalarynda meşhur sowet arheology W. M. Masson we onuň topary tarapyndan ylmy taýdan öwrenilip başlandy.Annaguly-depe, esasan, eneolit (mis-daş asyry) döwrüniň iň irki, ýagny b. e. öňki V müňýyllygyň başlaryna degişli gatlaklary saklaýandygy bilen möhümdir. Neolit (täze daş asyry) döwründen eneolit döwrüne geçiş döwri.Bu depe Demirgazyk Eýranyň we Türkmenistanyň günorta sebitlerini öz içine alan “Jeýtün” (Neolit) we ondan soňky “Garaşsyzlyk” (Eneolit) medeniýetleriniň iň gadymy gatlagyny öwrenmek üçin açaryň roluny oýnaýar.

Annaguly-depede ýaşan gadymy adamlar, esasan, ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Gazuw-agtaryş işleri netijesinde çig kerpiçden gurlan kiçiräk, dörtgyraň ýaşaýyş jaýlarynyň galyndylary ýüze çykaryldy. Jaýlar ýakyn gurluşyk meýilnamasy bilen bir-birine ýanaşyk ýerleşipdir.Ýaşaýyş jaýlary üçin ulanylan çig kerpiçler el bilen ýasalyp, Gün aşagynda gazylypdyr.

Annaguly-depeden tapylan esbaplar gadymy adamlaryň durmuşy, sungaty we ynamy barada gymmatly maglumat berýär.Eneolit döwrüne mahsus bolan, ýagny ýüzüne ýönekeý geometriki nagyşlar çekilen reňkli küýze gaplaryň bölekleri tapyldy. Bu küýzeler olaryň keramika sungatynyň irki görnüşlerini görkezýär.

​ Beýleki eneolit ýadygärlikleri ýaly, Annaguly-depeden hem gadymy hasyllylyk kultuny (bereket ynamyny) şöhlelendirýän, toýundan ýasalan aýal heýkeljikleri tapyldy. Bu heýkeljikler eneoliť döwrüniň ruhy durmuşy we dini düşünjeleri barada pikir ýöretmäge mümkinçilik berýär.Ekerançylykda ulanylan daşdan ýasalan oraklar, daş degirmenler we haýwan süňklerinden ýasalan dürli gurallar hem tapyldy.

​Annaguly-depe Türkmenistanyň taryhy üçin aýratyn ähmiýete eýedir, sebäbi,

Ol Merkezi Aziýada iň irki oturymly ekerançylyk medeniýetiniň döräp, ösüp başlan wagtyny we usulyny öwrenmäge mümkinçilik berýän “kronologik açar” roluny oýnaýar.

​Bu depe ylmy nukdaýnazardan, neolit döwründen eneolit döwrüne bolan geçişiň (ýagny, adamlaryň daş gurallaryndan mis gurallaryna geçmeginiň) yzygiderliligini anyk kesgitlemäge kömek edýär.Annaguly-depe we onuň töweregindäki beýleki eneolit ýadygärlikleri türkmen topragynda ilkinji şäher siwilizasiýalarynyň (Altyndepe, Änew) döräp başlan irki esasyny döredýär.

Durdyýewa Ogulbagt

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 109-njy toparynyň talyby