Halkyň ýüreginden orun alan şahyr – Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew 1948-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Mary etrabynyň 1-nji Gökje obasynda dünýä inýär. Ol 1972-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini tamamlaýar. Onuň döredijilik ýoly mekdep ýyllaryndan başlaýar.
1966-njy ýyldan başlap onuň goşgulary döwürleýin neşirlerde çap edilip ugraýar.
Atamyrat Atabaýewiň «Diýarym» atly ilkinji kitaby «Türkmenistan» neşirýaty tarapyndan 1975-nji ýylda neşir edilýär. Şol ýyl hem ol SSSR Ýazyjylar bileleşigine kabul edilýär. Ikinji kitaby (Seni söýmedik bolsam) neşir edilenden soň, ol Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolýar.
Manyly ömründe ýigrimiden zyýat kitap ýazanlygy, Gurhany ene dilimize geçirenligi, dünýä edebiýatyndan Gýötäni, Şilleri, Baýrony, Kiplingi, nusgawy rus şahyrlary Puşkini, Ýesenini, Lermontowy, Nekrasowy türkmen diline terjime edenligini ýatlasaň, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň ägirt uly işler bitirendigine gözüň ýetýär. Basa oturyp işlemek, döredilen goşgular, dünýä edebiýatyndan terjime edilen nusgawy eserler hem halypanyň häsiýetine öz möhrüni goýupdyr.
Moskwada rus dilinde dürli ýyllarda görnükli şahyr Ýuriý Kuznesowyň terjime etmeginde üç kitaby: «Günüň dogýan pursady», «Asmana çenli çuňluk», «Horasanyň durnalary» neşir edildi.
Okyjylaryň Atamyrat aganyň döredijiligine bolan söýgüsi hemem onuň Garaşsyzlyk ýyllarynda mynasyp bolan hormatly atlarydyr orden-medallary kämilligiň kepilidir.
Halypa şahyr 2020-nji ýylyň mart aýynyň 3-nde 72 ýaşynyň içinde dünýäden ötdi. Halypa iman baýlygyny dileýäris!
«Newashgabat».