Ýurdumyzda sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meselesi bolan howply ýokanç keselleriň öňüni almak ugrunda zerur çäreleri ýola goýulmak bilen, lukmançylyk edaralarynda öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýa işläp taýýarlamalary hem-de usulyýetleri iş tejribesine ornaşdyrylýar. Olarda häzirki döwürde dünýäde emele gelen ýagdaýy göz öňünde tutulyp, ýiti öýken sowuklama keseliniň, koronawirus ýokanç keseliniň (COVID-19) ýaýramagyna garşy göreşilýär. Şeýle hem bu ugurda amala aşyrylýan ähli çäreleri hemişe gözegçilikde saklanylýar.

Ýurdumyzda keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň mejlisi yzygiderli geçirilýär we olarda gelip gowuşýan maglumatlaryň ählisini içgin seljermek, ýokanç keselleriň ýüze çykmak mümkinçiliklerini göz öňünde tutmak hem-de zerur bolan halatynda dessin çäreleri görülýär. Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlara syýahatçylyk, medeni-köpçülik, sport we beýleki maksatlar bilen sapara iberilmegine gözegçilik edilýär. Türkmenistana daşary ýurtlardan gelýän raýatlaryň içgin lukmançylyk barlagyndan geçirilmegi dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň serhet geçelgeleriniň ählisinde raýatlaryň saglyk ýagdaýyna berk gözegçilik amala aşyrylýar. Ýokanç keselleriň öňüni almak üçin gözegçilik nokatlarynda anyklaýyş enjamlarynyň talabalaýyk işlemegi gazanylýar.

Zyýansyzlandyryş we sarp ediş serişdeleriniň üpjünçiligi berk gözegçilikde saklanylýär. Halkara howa, deňiz, derýa, gara we demir ýollaryndaky serhet geçelgelerinde, ulaglarda we menzillerde gündelik zyýansyzlandyryş işleriniň geçirilişi güýçlendirilýär. Ilat arasynda ýokanç keselleriň öňüni alyş işleri barada yzygiderli wagyz-nesihat işleri alnyp barylýär.