Gollandiýanyň Rotterdam şäher geňeşi indiki ýyl Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigini geçirmäge taýýardygyny mälim etdi diýip, “NL Times” habar berýär.
Aýdym-saz çäresini, öňküsi ýaly, Ahoý konsert zalynda geçirmek meýilleşdirilýär. Tomaşany guraýjylar çäräniň geçiriljek ýerini kärendesine almak, mahabat tagtalary we goragçylar üçin goşmaça 6,7 million ýewro sarp etmekçi bolýarlar. Çeşmede berilýän mahlumatlara görä, şäher şu ýyl Rotterdamda geçirilmeli Ýewrowideniýe üçin, takmynan, 15 million ýewro maýa goýdy.
Guramaçylar, koronawirusyň ýaýramagy howpy zerarly şu ýyl geçirilmeli Ýewrowideniýäni soňa goýdular. Soňra bolsa bäsleşige gatnaşýanlaryň 2021-nji ýylda täze aýdymlary bilen çykyş etjekdikleri yglan edildi.
Rotterdam Ýewrowideniýäni 2021-nji ýylda geçirmäge taýyn
