Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasyny taýýarlamak işleri barada hasabat berdi. Bu resminama döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda degişli ugurda kabul edilen döwlet we milli maksatnamalar uly ähmiýete eýedir.
aŞolaryň hatarynda “Saglyk” döwlet maksatnamasyny aýratyn görkezmek gerek. Şonuň esasynda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Diýarymyzyň hil taýdan täze, halkara ölçeglerine kybap gelýän saglygy goraýyş ulgamy, şol sanda döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen lukmançylyk edaralary, şeýle hem lukmançylyk bilim we ylym edaralary döredildi.
“Saglyk” döwlet maksatnamasyna laýyklykda, häzirki wagtda Türkmenistanda ilatyň saglygyna howp salyp biläýjek wehimlere garşy göreşmek üçin ygtybarly binýat döredildi. Şeýlelikde, ýurdumyza täze ýiti ýokanç keseliniň, häzir dünýä ýüzünde giňden ýaýran keseliň aralaşmagyna garşy durmak üçin mäkäm esas goýuldy. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli kesellere, şol sanda howply ýokançlara garşy göreşmek maksady bilen, işjeň halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine uly ähmiýet berýär.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary aýratyn howply kesele garşy göreşmekde umumy tagallalary birleşdirmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu ugurda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe möhüm resminamalar kabul edildi. Şolaryň hatarynda COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygy we raýdaşlygy babatda ýörite Kararnamalaryň ikisi hem-de Meýilnamalaryň üçüsi bar.
Şunuň bilen baglylykda, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralar tarapyndan BMG-niň ýurdumyzdaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy, şeýle hem BMG ÖM-niň, UNISEF-niň, Ilat gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Bütindünýä bankynyň, Halkara migrasiýa guramasynyň we beýleki düzümleriň wekilhanalary bilen bilelikde aprel-maý aýlarynda ýolbaşçylaryň we hünärmenleriň derejesinde duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Şolaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Bu meýilnama Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça adatdan daşary toparyň 10-njy maýda geçirilen nobatdaky mejlisinde seredildi. Şu meýilnamanyň esasy maksady bu howply ýokanjyň Türkmenistana aralaşmagynyň öňüni almakdan hem-de onuň ýaýramagyna garşy göreşmekden, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, pandemiýa döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depginlerini degişli derejede saklamakdan ybaratdyr.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we beýleki hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň tertibi we usullary kesgitlenen meýilnamada birnäçe ugurlarda degişli çäreleri görmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda ýokanç kesellere garşy göreşmek ugrunda milli saglygy golaýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ýokary derejede saklamak we kämilleşdirmek, degişli enjamlary we serişdeleri yzygiderli esasda ylmy we usuly taýdan täzelemek we öňdebaryjy halkara tejribesini ornaşdyrmak işleri bar.
Şeýle hem bu meýilnama dünýäde lukmançylyk ulgamynda häzirki wagtda bolup geçýän özgertmelere laýyklykda milli hünärmenleriň taýýarlygyny, ussatlyk derejesini, ukyplylygyny ýokary derejede saklamak we kämilleşdirmek, halkara saglygy goraýyş ulgamynyň şu günki tapgyrynda aýratyn wajyplyga eýe bolan, ýagny, wirusologiýa, immunoloiýa ýaly ugurlarda lukmanlaryň işini hil taýdan ýokarlandyrmak işlerini ugur edinýär.
Şeýle hem bu resminamada halkara tejribesiniň esasynda hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryndan ugur almak bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň ylmy-usuly we kadalaşdyryjy binýadyny kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň esasy ugurlaryny ösdürmek meýilnamany amala aşyrmak boýunça ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, halkara we sebit hyzmatdaşlary bilen bilelikde ylmy-barlag işlerini güýçlendirmäge, innowasion çemeleşmeleriň we sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berler.
Türkmenistanda COVID-19-a garşy durmagyň meýilnamasy makullanyldy
