Sport saglygyň sakasy, ruhubelent durmuşyň gözbaşydyr. Şonuň üçin hem ähli ugurlar bilen bir hatarda sport ulgamyny ösdürmek, ýaşlary sporta, köpçülikleýin bedenterbiýä çekmek ýaly asylly işler gahryman arkadagymyzyň üns merkezinden düşmeýär. Bu günki günde ilatymyzyň ähli gatlaklaryna sportuň dürli görnüşleri boýunça meşgullanmak üçin ähli şertler döredilip berilýär. Şeýle-de talyp ýaşlaryň sagdyn, ruhubelent, kämil nesiller bolup ýetimekleri üçin irginsiz aladalar edilýär. Ýaşlar üçin täze we döwrebap sport toplumlary, sport meýdançalary gurlup ulanylmaga berilýär. Talyp ýaşlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça sport ýaryşlary, bäsleşikleri guralýar. Bu guralýan ýaryşlar ýaşlarymyzyň sagdyn bedenli, ruhubelent bolup ýetişip ýurdumyza gerekli ilhalar, kämil hünärmenler hökmünde Watanymyzyň mundan beýläkki ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmaklaryny üpjün edýär. 2020-nji ýyl “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dürli sport ýaryşlarynyň birnäçesi yzygiderli geçirilýär. Şeýle sport ýaryşlarynyň biri
hökmünde “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talyplary” atly sport ýaryşlaryny bellemek bolar. Bu sport ýaryşlary türkmenistanyň Sport we bedenterbiýe we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda geçirildi. Ýaryşlarda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynda düzülen ýygyndy toparlary sportuň woleýbol, milli göreş,
guşakly göreş, küşt, stol tennisi, gandbol jemi sportuň 6 görnüşi boýunça bäsleşdiler. Diýseň çekeleşikli we gyzgalaňly geçen sport ýaryşlarynda talyp ýaşlar özleriniň sport başarnygyny, ezberligini, sport görnüşleriniň inçe
tilsimlerini ele alandyklaryny görkezmegi başardylar. 22-nji iýunda bolsa bu sport ýaryşlarynyň jemi jemlenip, Türkmenistanyň döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda ýeňijileri sylaglamak we Türkmenistanyň Milli talyplar sport Federasiýasynyň kubogyny gowşuryş dabarasy bolup geçdi. Ýaryşlara gatnaşan ýokary okuw
mekdepleriniň ýygyndy toparlarynyň umumy toparlaýyn utuklary boýunça III orny Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty, II orny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, I orny bolsa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty eýeledi. Ýeňiji bolan ýygyndy toparlara Türkmenistanyň sport we bedenterbiýe ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary, baýrakly I orna mynasyp bolan ýokary okuw mekdebiniň
ýygyndy toparyna bolsa Türkmenistanyň Milli talyplar sport Federasiýasynyň kubogy dabaraly ýagdaý gowşuryldy. Ýeňijiligi gazanan talyp ýaşlar ýurdumyzy köpçülikleýin sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagy, ýaşlaryň berk bedenli sagdyn bolup ýetişmekleri üçin dürli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby