Ýakynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisiniň 2021-2022 futbol
möwsümlerinde AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşmaga mümkinçilik
alandygyny habar beripdik. Bu gezekki makalamyzda bolsa, häzirki wagtda
dowam edýän ýurdumyzyň futbol çempionatynyň ýeňijisiniň AFK-nyň
Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň haýsy zolagynda çykyş etjekdigi
hakynda gürrüň ederis. Şeýlelikde, ýurdumyzyň çempiony AFK-nyň Çempionlar
ligasyna Günbatar zolagyndaky toparçalaryň birine goşular.
Günbatar zolagyndaky bije çekişlige ýurdumyzyň çempionyndan başga
Kataryň, Saud Arabystanynyň, Eýranyň, BAE-niň, Yragyň, Özbegistanyň,
Iordaniýanyň, Hindistanyň, Täjigistanyň, Liwanyň hem-de Siriýanyň futbol
çempionatlarynyň wekilleri hem gatnaşarlar.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Kubogy-2020-niň ýeňijisi 2021-nji
ýylda AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş etmäge mümkinçilik
alar. Şu ýyl Türkmenistanyň Futbol çempionatyny ikinji hatarda tamamlan topar
bolsa AFK-nyň Kubogynyň deslapky tapgyrynda çykyş eder.
Eger-de, futbol çempionatymyzyň hem-de Kubogynyň ýeňijisi şol bir topar
bolsa, onda AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşigine Türkmenistanyň
çempionatyny ikinji hatarda tamamlan, deslapky tapgyrynda bolsa üçünji orny
eýelän topar gatnaşmaga mümkinçilik alar.
Türkmenistanyň 28-nji futbol çempionatynyň üçünji aýlawyna 25-nji
awgustda badalga berilýändigini ýatladýarys.
Geçirilen 14 tapgyrdan soň 33 utuk toplan paýtagtymyzyň “Altyn Asyr”
topary ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlarda
degişlilikde “Ahal” (31 utuk) bilen “Şagadam” (22 utuk) toparlary ornaşdylar.
Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň nobatdakysynda Ýokary liga
wekilçilik edýän toparlaryň 8-si gatnaşar.
AFK-nyň Çempionlar ligasyna hem-de AFK-nyň Kubogyna gatnaşmak üçin
toparlaryň hemmesiniň Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynda degişli ýaryşlara
gabat gelýän ygtyýarlandyryşy geçmekleri hökmany ýagdaý bolup durýar.
AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2021.
Günbatar zolak
Katar we Saud Arabystany ― 3+1
Eýran we BAE ― 2+2
Yrak ― 1+2
Özbegistan ― 1+1
Iordaniýa, Hindistan, Täjigistan we TÜRKMENISTAN ― 1+0
Liwan we Siriýa ― 0+1
Gündogar zolak
Hytaý we Ýaponiýa ― 3+1
Koreýa Respublikasy we Tailand ― 2+2
Awstraliýa ― 1+2
Filippinler ― 1+1

RU



