Üzüm — iň süýji miweleriň biri. Ol adam saglygynyň we kuwwatynyň,
şeýle-de gözelliginiň gözbaşy hasaplanýar. Ýurdumyzda üzümiň örän köp
görnüşleri bar. Diýarymyzyň yssy we gurak klimatynda halyly, gelinbarmak, gözel
gara, gyzyl kişmiş, gara kişmiş, terbaş, gürgoýy, riş baba ýaly üzüm görnüşleri
giňden ýaýrandyr.
Görnüşine we ösýän şertlerine baglylykda, üzümde 14-25% ereýän we
bedende ýeňil özleşdirilýän şekeriň görnüşi bolan glýukoza we fruktoza saklanýar.
Ondan başga-da, üzümiň düzüminde az mukdarda saharoza, rafinoza, ksiloza we
beýleki şekerler we şekere meňzeş maddalar bolýar. Bişen üzümiň düzüminiň
ýarysyny glýukoza tutýar. Ol adam bedeni üçin wajypdyr. Bedenimize ornaýan
şekerleriň ählisi ganymyza geçmezden öň, glýukoza öwrülýär.
Üzüm iýlende glýukoza gana geçýär we nerw öýjükleriniň esasy iýmitine
öwrülýär. Nerw öýjüklerinde alyş-çalyş işleri bedeniň beýleki öýjüklerindäkiden
has çalt bolup geçýär. Şol sebäpli, energiýanyň köp sarp edilmeginiň öwezini
ganyň üsti bilen üznüksiz iýmitiň ýetirilip durmagy dolýar. Üzüm şiresindäki
mineral maddalar adam bedenine oňat fiziologiki täsirini ýetirýärler. Olaryň
hasabyna bedende edil şolar ýaly elementleriň täzelenişi we üstüniň dolmagy
amala aşýar. Bu öz gezeginde madda çalşygyna oňaýly täsir edýär. Üzümiň
şiresinde demriň duzlary hem bar. Olar gyzyl gan bedenjikleriniň emele gelmegine
işjeň ýardam berýärler.
Üzüm bilen bejerme adamlara gadym döwürlerden bäri bellidir. Ony
gadym rim we arap lukmanlary ulanypdyrlar. Ganazlygy, käbir ýürek-damar
kesellerini, bagryň serrozyny, könelişen gepatiti, dem alyş ýollaryň
sowuklamasyny, bogun agyryny üzüm bilen bejermek mümkin. Süýji keselinde,
aşa semizlikde, agyz boşlugynda, gyzylödekde, aşgazanda we içegelerde ýaralar
bar bolsa, ýokary gan basyşda üzüm iýmek maslahat berilmeýär.

Ýazmuhammedow Kerimgeldi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Gidromeliorasiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.