Arap ýarymadasynda mustatil diýlip bilinýän, Müsür piramidalaryndan-da
ozal gurlan daşlyk binalar ýüze çykaryldy.
Aslynda, arheologlar bu daşlyk binalara 2017-nji ýylda gabat geldiler. Ýöne
olaryň detallaýyn analizi bolsa ýaňy-ýakynda geçirilip, onuň özboluşly aýratynlygy
kesgitlendi. Mälim bolşuna görä, bu mustatiller piramidalardan öň gurlupdyr.
Saud Arabystandaky Uly Nefud çölüniň günortasynda ýerleşen bu binalaryň
masştablaýyn gözleg-barlag işleri Germaniýanyň Maks Plank adyndaky
institutynyň hünärmeni Hýu Growkattyň ýolbaşçylygyndaky halkara topar
tarapyndan geçirildi. Barlag işleriniň dowamynda arheologlar 100-den gowrak
daşdan gurlan zatlaryň üstünde iş alyp bardylar.
Growkatt bu barada: “Biz köp dürli ýerlere aýlandyk we mustatilleriň
tapyndylaryny hatda wulkanly ýerlerden hem tapdyk. Öwrenilen obýektleriň
göwrümi dürli hili bolup, olar 15 metrden 600 metre çenli uzynlykdadyr.” –diýip
habar berýär.
Alymyň pikirine görä, mustatilleriň analizine laýyklykda olaryň ýaşynyň 7
müňden gowrakdygy bellenilýär. Müsüriň iň gadymy piramidasy (Joseriň
piramidasy) bolsa b.e.öňki 2648-nji ýylda gurlupdyr diýilýär. Häzirlikçe,
arheologlar bu mustatilleriň nähili maksat bilen gurlandygyny anyklap bilmeýärler.
Käbir alym bolsa olaryň däp-dessur maksatlary üçin bolandygyny çaklaýar.
Mundan öň bolsa, meksikan alymlarynyň tapyndysy bolan maýýanyň iň
gadymy binalary barada aýdylypdy. Ol hem bu ugurda iň gadymy binalaryň
hatarynda görkezilýär.
Müsür piramidalaryndan hem ozalky binalar
