Sentýabr aýynyň 8-11 aralygynda geçirilen ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji komitetiniň ikinji nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň ýurt boýunça maksatnamasynyň resminamasy kabul edildi.
Täze ýurt maksatnamasy dört ugurda, ýagny çagalar üçin dolandyryş; çaganyň saglygy, iýmitlenmegi we irki ösüşi; çaganyň goragy; we ýokary hilli bilim ýaly ugurlarda netije gazanmagy maksat edinýär.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa hyzmatdaşlyk etmegiň täze ýurt boýunça maksatnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň goldawyny belläp geçdi. Hanym Ataýewa öz çykyşynda ýerine ýetiriji komitetiniň agzalaryna ýurduň çagalaryň hukugyny goramakda alyp barýan işi babatynda, şeýle hem saglyk, bilim, çaganyň irki ösüşi, goragy we howanyň üýtgemegi ýaly ugurlarda çagalar üçin ýokary netijelere ýetmekde Türkmenistanyň hökümetiniň we ÝUNISEF-iň ýakyn hyzmatdaşlygy babatynda maglumat berdi.
Ýerine ýetiriji komitetiniň sentýabr aýynda geçirilen nobatdaky mejlisinde COVID-19 keseli döwründe her bir çaga üçin sanly bilim mümkinçilikleriniň döredilmeginiň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. ÝUNISEF-iň dünýä ýüzündäki maksatnamalarynyň maliýeleşdirilmegine, baha berilmegine we hyzmatdaşlygyna seredildi.
ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji direktory Genrietta For öz ýüzlenmesinde ÝUNISEF-iň COVID-19 döwründe çagalar üçin degişli netijeleri bermäge ygrarlydygyny gaýtalady. Hanym For “Pandemiýanyň kynçylygy, geljekde millionlarça çagalar we ýaşlar üçin ÝUNISEF-iň güýçlenmegi bilen baglydyr” diýip belläp geçdi.
ÝUNISEF Türkmenistanda Ýurt boýunça maksatnamasynyň resminamasyny tassyklady
