Programmist hünäri ýakyn onýyllygyň dowamynda dünýä ýüzünde ýeterlik derejede çäklendiriler. Onuň işiniň esasy bölegini emeli intellekt ýerine ýetirer. Adam üçin bolsa iň kyn aňlatmalary çözmek, pikirlenip amal edilýän, döredijilik talap edýän programmistlik işi galar. Bu barada RIA novosti habarlar gullugynyň geçiren pikir soraşmasynda IT-kompaniýalary maglumat berýärler.
SearchInformyň önümçilik bölüminiň ýolbaşçysy Dmitriý Gasura ýakyn ýyllarda programmistler üçin ýörite kömekçi-gurallar hökmünde emeli intellektleri döretmegiň meýilleşdirilýändigini belläp geçýär. Ol bu mesele barada: “Beýle işi amal etmek bilen biziň işimizde üýtgeşme bolmagyna garaşylýar. Programma ulgamlary has çylşyrymlaşýar, maglumatlaryň işlenip taýýarlanyşynyň gerimi-de giňeýär… Ýakyn ýyllarda işlenip taýýarlanylan maglumatlaryň gerimi mümkin bolan kuwwatlyklary ýokarlandyrar. Bu işiň jogabyny tapmakda bolsa onuň täsirliligini güýçlendirmek üçin programmistleriň programma üpjünçiligini optimizasiýa etmekleri zerur bolup durýar.
Bu meselede Selectel hyzmatlaryny ösdürmegiň direktory Aleksandr Tugowyň bellemegine görä bolsa, ähli akyl başarnygyny talap etmeýän zatlary ýörite maşynlar hem-de emeli intellektler ýerine ýetirer. Ol bu işleriň netijeleri barada aýtmak bilen: “Biz hemişe-de, soňam programmistlere zerurlyk çekeris. Onda-da, bize bilim başarnygy pes derejeli hünärmen däl-de, has kämil hünärmen gerek.” – diýip belläp geçýär.
Emeli intellekt programmistleriň ornuny tutup bilermi?
