Saud Arabystanyň demirgazyk çäklerinde mundan 120 müň ýyl ozal ýaşap geçen adamlaryň hem-de haýwanlaryň käbir görnüşleriň daşa öwrülip giden yzlary tapyldy. Bu tapyndylar gadym döwürlerde Afrikanyň adamlarynyň Ýewropa aralaşandyklaryny öwrenmekde çeşme bolup hyzmat eder.
Science Advances neşirinde çap edilen makalada berilýän maglumatlara laýyklykda, homosapiensleriň käbir wekilleri Saud Arabystanyň demirgazyk çäginde, kölüň kenarlarynda mesgen tutupdyrlar. Ol kenarlara, esasan piller, düýeler suw içmäge barypdyrlar.
Gadymy adamlaryň yzlary gurap galan Alatar kölüniň kenaryndan tapyldy. Şol döwürler bu ýerleriň düýbünden başgaça tebigaty bolupdyr. Bu ýerler edil gök otluga bürenen sawannalara çalym edipdir.
Kölüň kenarynda geçirilen seljermeler bu ýerde 2-3 adamdan ybarat toparlar bolup gidipdirler. Emma olar bu ýerde uzak möhletleýin ýaşaman, Afrikadan Ýewraziýa sary ýollaryny dowam edipdirler.
120 müň ýyl ozalky adamlaryň yzlary
