Golaýda futbol abraýynda iň bir abraýly ýaryşlar hasaplanýan Angliýanyň Premýer Ligasynyň II tapgyry tamamlandy. APL-niň bu turdaky 10 sany oýunda jemi 44 sany gol geçirildi. Bu Angliýada 20 sany klub çykyş eden döwür üçin rekord netije hasaplanýar.
Mundan öňki rekord 2010-2011-nji ýylky möwsümiň 24-nji turunda bellige alnypdy. Dokuz ýyl öň bir tur dowamynda 43 sany gol geçirildi. Bellenilmegine görä, 2-nji turdaky on sany oýunyň hemmesinde gol uruldy. Üç sany ýaryşda ýediden gowrak pökgi geçirilen: “Ewerton” – “West Hem” (5:2), “Lids” – “Fulhem” (4:3) we “Sauthempton” – “Tottenhem” (2:5). Iň az gol salan “Aston Willa” – “Şeffild Ýunaýted” ýaryşynda (1:0) utuk hasaba alyndy.
II turda “mançester Siti” futbol kluby hem 100 ýyl öňki rekorduny gaýtalady. Ol “Wulwerhempton” bilen bäsleşdi we 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Şol sebäpli hem “şäherliler” yzygiderli onunjy ýylda möwsümi ýeňiş gazandy. Bu Angliýanyň Baş diwizionynyň rekorduny gaýtalanmagy boldy.
Angliýanyň Premýer Ligasynda taryhy rekord goýuldy
