Helsinki uniwersitetiniň alymlary kompýuteriň kömegi bilen adamyň aňynda bolup geçýän özgerişleri, signallary diňlemäge ukyply metody oýlap tapdylar. Scientific Reports žurnalynyň maglumatlary ýetirmegine laýyklykda, işlenip taýýarlanan bu programma wizual kabul etmäni modelirlemäge mümkinçilik döredip bilýär.
Munuň esasynda indi emeli aňyň kömegi bilen adamyň näme barada pikirlenýändigini bilmek mümkinçiligi ýüze çykýar. “Beýni — kompýuter” interfeýsi adamlaryň göz öňüne getirýän zatlarynyň şekillerini modelirlemäge mümkinçilik berer.
Geçirilen barlaglaryň dowamynda emeli intellekt adamyň beýnisiniň geçirýän signallaryny işlemegi başarypdyr. Soňra onuň kompýuter bilen baglanyşyklyt işiniň netijesinde alymlar kompýuterde degişli signallaryň informasiýasyny almagyň hötdesinden gelipdirler. Hünärmenleriň özleriniň bellemeklerine görä, indi adamyň pikirleriniň näme baradadygyny anyklamak şertiniň dörändigini aýdýarlar.
Başga bir tarapdan bolsa, bu apparatyň kömegi bilen esasy aýratynlyklar ýüze çykarylsa-da, adamyň has çuňňur islegleri bilinmezligine galar. Mundan öňki barlaglarda bolsa alymlar tehnologik enjamlarda hat ýazyşan mahalymyz söhbetdeşimiziň ýalan sözleýänligini ýüze çykarýan ulgamy işläp taýýarlapdylar. Onda esasy aýratynlyk söhbetdeşimiziň ulanýan sözleriniň analiz edilmegidir.