31-nji oktýabrda Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça Pudagara toparyň birinji mejlisi geçirildi. Mejlise toparyň agzalary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, şeýle-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar Pudagara toparyň işiniň esasy ugurlary, 2020-nji ýyl üçin iş meýilnamasy barada pikir alyşdylar. Şeýle hem Türkmenistan tarapyndan daşky gurşawy goramak boýunça halkara Konwensiýalaryň ýerine ýetirilişi baradaky meselelere seredildi. Bu toparyň çäklerinde iş toparlaryny döretmek barada gürrüň edildi.
Mejlise gatnaşyjylar Aral deňziniň tebigata, howa, adam saglygyna zyýanly täsir edýän meseleleriniň üstünde aýratyn durup geçdiler.