Türkmenistanda ýiti öýken sowuklama keseliniň gelmeginiň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen medeniýet we sarp ediş hyzmatlary edaralarynyň işiniň çäklendirme möhleti 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaldyldy. Bu barada orient.tm internet sahypasynda bellenilip geçilýär.
Bellenilişi ýaly, kabul edilen degişli çözgüde laýyklykda, kinoteatrlaryň, teatrlarynyň, oýun attraksion seýilgähleriniň, muzeýleriň, gözellik salonlarynyň, hammamlaryň we sport desgalarynyň (suwda ýüzmek üçin niýetlenen howuzlar, fitnes we aerobika klublary) işi çäklendirilýär.
Şeýle hem şol bir wagtda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli gysga möhletli we tölegli okuw kurslarynyň we oýun merkezleriniň işi hem çäklendirilýär.
Mundan ozal, bu degişli edaralaryň we kärhanalaryň işiniň möhleti 15-nji noýabra çenli çäklendirilipdi.